Iň uly güýç özü­ňe erk edip bil­mek­dir.
Se­ne­ka.

Iç­ki ­ra­hat­­ly­gy ta­pa­ny­ňyz­da, da­şar­ky dün­ýä si­ze tä­sir et­me­gi­ni bes eder.
Lao Szy.

Bi­lim­siz ömür, gö­zel­li­gi du­ýul­ma­dyk we do­ly ýa­şal­ma­dyk bir ömür­dir.
Özü­ňi ta­na­mak paý­ha­syň baş­lan­gy­jy­dyr.
Sok­rat.

Iň er­bet ýa­lan biraza­jyk üýt­ge­di­len ha­ky­kat­dyr.
Žan de Labr­ýu­er.

Ni­re­de we kim bo­lup ýa­şa­saň hem, er­bet­lik et­me. Sa­ly­hat­ly bol, çün­ki eken za­dy­ňy orar­syň.
Omar Haý­ýam.

Nä­çe köp oka­sam, şon­ça-da az bil­ýän­di­gi­me has çuň­ňur göz ýe­tir­ýä­rin.
Wol­ter.

Me­niň gork­ýan ýe­ke-täk za­dym iç­gys­gynç­lyk­dyr.
Sten­dal.

Dur­muş özü­ňi tap­mak­dan yba­rat däl­dir, dur­muş özü­ňi dö­ret­mek­dir.
Ber­nard Şou.

Iň be­ýik peş­geş bü­tin dur­kuň bi­len di­ňe şu pur­sat­da ýa­şa­mak­dyr.
Tiç Nat Han.

Özü­ňe ynam üs­tün­li­giň il­kin­ji sy­ry­dyr.
Ralf Wal­do Emer­son.

Ala­da et­mek er­tir­ki gü­nüň kyn­çy­lyk­la­ry­ny aýyr­ma­ýar, ol di­ňe şu gün­ki gü­nüň güýç-kuw­wa­ty­ny ogur­la­ýar.
Kor­ri ten Bom.

Ag­zy­bir bol­mak il­kin­ji ädim, ag­zy­bir­li­gi sak­la­mak öňegi­diş­lik, ag­zy­bir zäh­met çek­mek bol­sa ha­ky­ky ýe­ňiş­dir.

Şow­suz­lyk ýe­ne-de bir ge­zek, ýö­ne bu ge­zek has akyl­ly­lyk bi­len baş­la­mak müm­kin­çi­li­gi­dir.
Gen­ri Ford.

Iň go­wy wagt hä­zir­ki wagt­dyr, iň go­wy ýer bol­sa şu du­ran ýe­ri­ňiz­dir.
Wolt Wit­man.

Ki­çi­jik bol­sa-da, edi­len hiç bir ýag­şy­lyk bi­de­rek git­mez.
Ezop.

Bagt taý­ýar bir zat däl­dir. Ol si­ziň öz eden iş­le­ri­ňiz­den we ga­ra­ýyş­la­ry­ňyz­dan dö­re­ýär.
Da­laý La­ma.

Dün­ýä­de iň uly we iň kyn zat öz-özü­ňi bol­şuň ýa­ly bil­mek we ka­bul et­mek­dir.
Mi­şel de Mon­ten.

Bagt­ly bol­mak oý-pi­kir­le­ri­ňi­ziň hi­li­ne we tä­miz­li­gi­ne bag­ly­dyr.
Mark Aw­re­liý.