Dünýäniň 62 ýurdunyň raýatlary Germaniýa wizasyz baryp bilerler. 2026-njy ýyl üçin degişli bolan sanawda Ýewropa Bileleşigi hem-de Şengen sebitinden başga 62 ýurt bar. Bu ýurtlaryň raýatlary syýahatçylyk, işewürlik duşuşyklary, dogan-garyndaşlarynyňka myhmançylyga barmak ýaly maksatlar üçin 180 günüň dowamynda 90 günden gysga wagt üçin Germaniýa baryp bilerler. Munuň üçin olardan wiza talap edilmez. Sanawda ABŞ, Kanada, Birleşen Patyşalyk, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Singapur we Malaýziýa bar. Bulardan başga-da, Albaniýa, Serbiýa, Montenegro, Kosowa, Bosniýa-Gersegowina, Demirgazyk Makedoniýa, Argentina, Braziliýa, Kolumbiýa, Peru, Paragwaý, Urugwaý hem bar. Sanawa Gonkong, Makao, Kiribati, Tuwalu, Marşal adalary, Palau, Wanuatu, Samoa, Solomon adalary we Gündogar Timor ýaly sebitleriň hem-de gury ýerden uzakda ýerleşýän adalaryň ýaşaýjylary hem bar. Bu düzgün diňe gysga wagtlyk saparlara degişli bolup, iş, okuw we beýleki uzak möhletli saparlar üçin wiza almak zerur bolmagynda galýar.
PDF









