Is­pa­ni­ýa iýun-sent­ýabr aý­la­ry ara­ly­gyn­da 43 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­ça ga­raş­ýar. Ýur­duň sy­ýa­hat­çy­lyk gir­de­ji­si­niň bol­sa, ge­çen ýyl­da­ky­dan
10 gö­te­rim ar­typ, 64 mil­liard ýew­ro ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Ýur­duň Se­na­gat we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, şu ýy­lyň sy­ýa­hat­çy­lyk möw­sü­min­de ýur­da ba­rýan myh­man­la­ryň sa­ny ge­çen ýyl­da­ky­dan 6 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lar.
Ýurt­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän «Tu­ris­mo
Es­paňa 2030» at­ly mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de sy­ýa­hat­çy­la­ryň ýur­duň has köp ýe­ri­ne de­ňag­ram­ly ýaý­ra­ma­gy üçin ta­gal­la edil­ýär. Bu bol­sa, sy­ýa­hat­çy­la­ryň «dyk­ny­şy­gy­nyň» öňü­ni gazanma­ga hem-de bu pu­dak­dan has köp gir­de­ji al­ma­ga ýar­dam eder.
Mag­lu­ma­ta gö­rä, şu ýy­lyň il­kin­ji
5 aýyn­da Is­pa­ni­ýa 36 mil­li­on­dan gow­rak da­şa­ry ýurt­ly syýahatçy­ny ka­bul edip­dir. Bu dö­wür­de sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 5 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Al­nan gir­de­ji bol­sa, 7,8% ar­typ, 50,2 mil­liard ýew­ro ýe­tip­dir.
Ge­çen ýyl Is­pa­ni­ýa 96,8 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly myh­ma­ny ka­bul edip­di.