1989-njy ýyl­dan bä­ri, her ýy­lyň 11-nji iýu­lyn­da Bü­tin­dün­ýä ilat gü­ni bel­le­nil­ýär. Bu se­ne 1987-nji ýy­lyň 11-nji iýu­lyn­da dün­ýä ila­ty­nyň 5 mil­li­ar­da ýet­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Bu se­ne gen­der deň­li­gi, ga­ryp­lyk, enä­niň sag­ly­gy we adam hu­kuk­la­ry ba­ra­da ha­bar­dar­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di.
Her ýylyň 11-nji iýulynda Bütindünýä ilat güni bellenilip, bu sene mynasybetli maglumatlar ýaýradylýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de 8 mil­liard 231 mil­li­on tö­we­re­gi ilat bar. Üç ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy ha­sap­lan­ýan Hin­dis­tan­yň 1 mil­liard 463 mil­li­on tö­we­re­gi ýa­şa­ýjysy bar. Ikin­ji ýer­dä­ki Hy­ta­ýyň 1 mil­liard 416 mil­li­on tö­we­re­gi, ABŞ-nyň 347 mil­li­on ýa­şaý­jy­sy bar. Bu üç ýurt dün­ýä ila­ty­nyň 39,2 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär.
Uzak ýyl­lap dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hy­ta­ýyň ila­ty soň­ky ýyl­lar­da art­ma­gyň de­re­gi­ne aza­lyp baş­la­dy. Bi­ler­men­ler ila­tyň ar­ty­şy­nyň Hin­dis­tan­da hem pe­sel­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Dün­ýä­de öm­rüň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy­nyň art­ma­gy hem-de ça­ga dog­lu­şy­nyň azal­ma­gy bi­len ýa­şu­ly ila­tyň sa­ny bar­ha art­ýar.
Dün­ýä­de 15-24 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ilat umu­my ila­tyň 15,6 gö­te­ri­mi­ni, 65 ýaş we on­dan ulu­lar 10,4 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Ko­mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­da bol­sa, 2029-njy ýyl­da se­bi­tiň ila­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­jä çyk­jak­dy­gy bel­le­nil­di. Mag­lu­mat­da 1960-njy
ýyl­da hä­zir­ki wagt­da bi­le­le­şi­ge ag­za ýurt­la­ryň ila­ty­nyň
354,5 mil­li­on bo­lan­dy­gy, ge­çen ýyl 450,6 mil­lio­na ýe­ten­di­gi, 2029-njy ýyl­da 453,3 mil­lio­na ýet­jek­di­gi beýan edil­di. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, şon­dan soň­ra se­bi­tiň ila­ty aza­lyp baş­lar we 2050-nji ýyl­da 445 mil­lio­na ýe­ter. 2100-nji ýyl­da 398,8 mil­lio­na çen­li aza­lyp, hä­zir­ki­den 11,75% az bo­lar.
Se­na­gat taý­dan ösen ýurt­la­ryň kö­pü­sin­de bol­şy ýa­ly, Ýew­ro­pa­da ilat, esa­san, mig­rant­la­ryň ha­sa­by­na art­ýar.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de or­ta­ça ýa­şyň iň az ýur­dy Ir­lan­di­ýa (39,6), iň gar­ry ilatly ýurt Ita­li­ýa (49,1) ha­sap­lan­ýar.
Mag­lu­mat­da 80 ýaş­dan ulu­la­ryň ila­tyň 6 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýän­di­gi bel­le­nil­di.