1989-njy ýyldan bäri, her ýylyň 11-nji iýulynda Bütindünýä ilat güni bellenilýär. Bu sene 1987-nji ýylyň 11-nji iýulynda dünýä ilatynyň 5 milliarda ýetmegi bilen baglydyr. Bu sene gender deňligi, garyplyk, enäniň saglygy we adam hukuklary barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen döredildi.
Her ýylyň 11-nji iýulynda Bütindünýä ilat güni bellenilip, bu sene mynasybetli maglumatlar ýaýradylýar. Maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäde 8 milliard 231 million töweregi ilat bar. Üç ýyldan bäri dünýäniň iň köp ilatly ýurdy hasaplanýan Hindistanyň 1 milliard 463 million töweregi ýaşaýjysy bar. Ikinji ýerdäki Hytaýyň 1 milliard 416 million töweregi, ABŞ-nyň 347 million ýaşaýjysy bar. Bu üç ýurt dünýä ilatynyň 39,2 göterimini emele getirýär.
Uzak ýyllap dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň ilaty soňky ýyllarda artmagyň deregine azalyp başlady. Bilermenler ilatyň artyşynyň Hindistanda hem peseljekdigini belleýärler. Dünýäde ömrüň ortaça dowamlylygynyň artmagy hem-de çaga dogluşynyň azalmagy bilen ýaşuly ilatyň sany barha artýar.
Dünýäde 15-24 ýaş aralygyndaky ilat umumy ilatyň 15,6 göterimini, 65 ýaş we ondan ulular 10,4 göterimini emele getirýär.
Ýewropa Bileleşigi Komissiýasy tarapyndan taýýarlanan maglumatda bolsa, 2029-njy ýylda sebitiň ilatynyň ýokary derejä çykjakdygy bellenildi. Maglumatda 1960-njy
ýylda häzirki wagtda bileleşige agza ýurtlaryň ilatynyň
354,5 million bolandygy, geçen ýyl 450,6 milliona ýetendigi, 2029-njy ýylda 453,3 milliona ýetjekdigi beýan edildi. Çaklamalara görä, şondan soňra sebitiň ilaty azalyp başlar we 2050-nji ýylda 445 milliona ýeter. 2100-nji ýylda 398,8 milliona çenli azalyp, häzirkiden 11,75% az bolar.
Senagat taýdan ösen ýurtlaryň köpüsinde bolşy ýaly, Ýewropada ilat, esasan, migrantlaryň hasabyna artýar.
Ýewropa Bileleşiginde ortaça ýaşyň iň az ýurdy Irlandiýa (39,6), iň garry ilatly ýurt Italiýa (49,1) hasaplanýar.
Maglumatda 80 ýaşdan ulularyň ilatyň 6 göterimini emele getirýändigi bellenildi.
PDF









