Ispaniýanyň ýygyndysyna taryhy çempionlyk gazandyran Luis de la Fuente Dünýä Kubogyny eýelän iň ýaşuly tälimçi boldy. 65 ýaşyndaky hünärmen bu ugurda ozalky rekordyň eýesi, watandaşy Wisente del Boskeden öňe geçdi. Del Boske 59 ýaşyndaka 2010-njy ýylda Ispaniýany çempion edipdi. Luis de la Fuente Ýewropa çempionlygyndan soň, Dünýä Kubogyny hem gazanyp, taryhy statistika eýe boldy.

2023-nji ýylda Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellenen Luis de la Fuente ondan öň 2015-nji ýylda Ispaniýanyň U19 toparyny, 2019-njy ýylda-da Ispaniýanyň U21 toparyny Ýewropanyň çempion edipdi. 2020-nji ýylda-da Ispaniýanyň Olimpiýa ýygyndysyna bürünç medal gazandyrypdy. Ispaniýanyň milli ýygyndysyna 2023-nji ýylda UEFA Milletler Ligasynyň, 2024-nji ýylda-da Ýewropanyň çempionlyklaryny gazandyran Luis de la Fuente futbolçylyk ýyllarynyň agramly bölegini “Atletik Bilbaoda” geçiripdi.

2013-nji ýyldan bäri Ispaniýanyň dürli ýaşlardaky ýygyndylaryny, başgaça aýdylanda, ol çempionlyk gazanan oýunçylaryň köpüsiniň 10 ýyl gowrak wagt bäri türgenleşdirip gelýär.