“Quacquarelli Symonds” (QS) halkara agentliginiň täzelenen «QS Best Student Cities» reýtingine görä, Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäheri dünýäniň iň gowy talyplar şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi.
Ikinji basgançakda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio ýerleşen bolsa, 2018-nji ýyldan bäri bu reýtingiň başyny çekip gelýän London şäheri üçünji orna düşdi. Şeýle hem dünýäniň iň gowy onlugyna Mýunhen, Melburn, Sidneý, Berlin, Pariž, Sýurih we Wena ýaly şäherler girdi.
Degişli görkezijileri emele getirmekde ilatynyň sany 250 müňden az bolmadyk, düzüminde QS-iň dünýä boýunça iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girýän, azyndan, iki sany uniwersiteti bolan ilatly ýer ýerler göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, «International SOS» indeksine görä, şäherdäki howpsuzlyk derejesi hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň hili boýunça töwekgelçilik görkezijisiniň pes ýa-da ortaça bolmagy esasy şertleriň biri hökmünde kesgitlenilýär. Reýtingiň jemleýji netijeleri abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de halkara talyplaryň sany, uçurymlaryň zähmet bazaryndaky islegi, talyplaryň şäherdäki ýaşaýyş şertlerine bolan kanagatlanmasy we ýaşaýyş çykdajylarynyň derejesi ýaly möhüm görkezijiler esasynda emele getirilýär.