Oňa ber­len top ga­ty ýo­kar­dan ke­le­men­läp gel­di. Ol bat­ly gel­ýän to­py ýo­ka­ry tow­sup, ga­pyp alan­da, diý­seň ýe­ňil gop­ýar­dy. Özü­ne ta­rap ok ýa­ly süý­nüp gel­ýän ýa­rymgo­rag­çy­dan syp­mak üçin ber­daş­ly göw­re­si­ni yza te­sen­de, ara­lyk­da­ky gar­şy­da­şy­nyň eli Kris­ti­an Dar­lin­giň dy­zy­na de­gip gal­dy. Kris­ti­an bol­sa meý­dan­ça­da bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ne bu­lam-bu­jar bo­lup ýy­ky­lan oýun­çy­la­ryň üs­tün­den ýe­ser­lik bi­len bö­küp geç­di.
In­di onuň öňün­de on ýard­lyk boş meý­dan ga­lyp­dy. Kris­ti­an ýeň­se­sin­den gel­ýän­le­riň aýak ses­le­ri­ni eşi­den­soň, ba­dy­ny has-da art­dy­ryp, olar­dan ara­ny aç­dy. Şon­da gar­şy­daş­la­ry­nyň özü­ni bir gy­ra gys­ma­ga jan ed­ýän­di­gi­ni, to­par­daş­la­ry­nyň bol­sa özü­ne ýol aç­mak ug­run­da gö­reş­ýän­di­gi­ni duý­dy. In­di onuň kül­ter­le­me­li ýo­ly eliň aýa­syn­da ýa­ly gör­nüp ug­ra­dy. Öňün­dä­ki meý­dan­ça­nyň bar­ha gi­ňe­ýän­di­gi­ni gö­ren Kris­ti­an yl­gap bar­şy­na ýe­ňil dem alyp ýyl­gyr­ýar­dy. Şol pur­sat gar­şy­sy­na çy­kan go­rag­çy­nyň gö­ni üs­tü­ne to­pu­lyp, ony eli bi­len itip goý­be­ren­soň, ça­la­syn gy­ra so­wul­dy-da, öňe tarap eň­di.
Pel­le­ha­na bar­ha go­laý­laş­ýan Kris­tia­nyň gar­şy­syn­da di­ňe iň soň­ky go­rag­çy ga­lyp­dy. Gar­şy­da­şy bol­sa hüş­gär­li­gi el­den ber­män, äti­ýaç­lyk bi­len oňa gar­şy dur­ma­ga çy­kal­ga göz­le­ýär­di. Kris­ti­an to­py mä­käm gy­syp, özü­niň 90 ki­log­ram­lyk göw­re­si­ni has-da ti­jäp, bar güý­ji bi­len öňe ok­du­ry­lyp bar­ýar­dy. Ol in­di şol go­rag­çy­dan hem ge­çip git­jek­di­gi­ne bir­jik-de şüb­he­len­me­ýär­di. Pi­kir edip dur­ma­ga wagt ýok­dy. Kris­ti­an öňün­dä­ki go­rag­çy­nyň gö­ni al­ky­my­na bar­dy-da, bir eli­ni öňe uza­dyp, bat­ly zar­ba ur­dy. Şol pur­sat gar­şy­da­şy­nyň urga döz gelip bilmän ýü­zü­ni kür­şer­dip, tüw­dü­ri­lip gi­di­şi­ni gör­di. Kris­ti­an on­dan hem so­wul­dy-da, pel­le­ha­na­nyň çy­zy­gy­na ta­rap hy­juw bi­len ok­du­ryl­dy.
…Şol wagt güýz pas­ly­dy. Gi­je­le­ri­ne so­wuk bolansoň top­rak eý­ýäm ga­tap baş­lap­dy, sta­dio­nyň tö­we­re­gin­de ösüp otu­ran ker­kaw agaç­la­ry­nyň sa­ry ýap­rak­la­ry şe­ma­la döz ge­lip bil­män, tür­gen­le­şik meý­dan­ça­sy­na ga­ýyp düş­ýär­di. Öý­län­le­ri­ne tür­gen­le­şi­gi syn­la­ma­ga ge­len gyz­lar bol­sa, swi­ter­le­ri­niň üs­tün­den ýe­ňil­jek pal­to­la­ry­ny atyp baş­lap­dy­lar. Ha­wa, on­dan bä­ri eý­ýäm on bäş ýyl ge­çip­dir. Otuz bäş ýaş­ly, çal pen­jek­li Kris­ti­an ýaz gü­nü­niň ga­raň­ky gat­ly­şyp ug­ran ça­gy şol kö­ne sta­dio­nyň içi bi­len ha­ýal ädim­läp ýö­räp bar­ýar­dy. Ol şol ge­çen on bäş ýy­lyň için­de on­çak­ly sem­re­me­se-de, ag­ra­my on funt tö­we­re­gi ar­typ­dy. 1925-nji we 1940-njy ýyl­la­ryň ara­ly­gyn­da ge­çen ýyl­lar onuň ýü­zün­de öz yz­la­ry­ny go­ýup­dy.
Şol gün tä­lim­çi oňa se­re­dip, mä­hir­li ýyl­gy­ryp­dy. Ga­ra­şyl­ma­dyk ýer­den ikin­ji dü­züm­dä­ki oýun­çy­nyň şeý­le go­wy ne­ti­je gör­kez­me­gi kö­mek­çi tä­lim­çi­le­ri be­gen­di­rip­di. Ga­ly­ber­se-de, bu üs­tün­lik ola­ryň 2 müň dol­lar ýyl­lyk aý­ly­gy­ny bi­ra­za­jyk hem bol­sa ke­pil­len­dir­ýär­di. Yzy­na ýor­tup gel­ýän Kris­tia­nyň ru­hy be­lent­di, ýe­ňil­lik bi­len dem al­ýar­dy. Ol bü­tin seg­sen ýar­dy yl­gap ge­çe­nem bol­sa, jin­nek ýa­ly-da ýa­daw­lyk duý­man, özü­ni ju­da şäh­da­çyk duý­ýar­dy. Ga­ly­ber­se-de, bu yl­gaw eý­ýäm tür­gen­le­şi­giň iň soň­ky gü­nü­di. Ýüz-gö­zün­den dö­kül­ýän der sport eşi­gi­ni öl-myž­žyk edip­di. Şol wagt meý­dan­ça­nyň beý­le­ki bir çe­tin­de oýun­çy­lar top zyňyp tür­gen­leş­ýär­di­ler. To­puň gür­pül­däp çyk­ýan se­si ikin­di­niň tä­miz ho­wa­syn­da diý­seň ýa­kym­ly eşi­dil­ýär­di. Goň­şy meý­dan­ça­da bol­sa bi­rin­ji ýyl ta­lyp­lar tür­gen­leş­ýär­di­ler. Kwo­ter­be­kiň ýi­ti se­si, on bir jü­büt but­sy­nyň ýe­re des-deň urul­ýan tar­pyl­dy­sy, tä­lim­çi­le­riň «Bo­luň, bo­luň!» di­ýen buý­ruk­la­ry, ta­lyp­la­ryň şa­dy­ýan gül­kü­si Kris­tia­nyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­ýar­dy. Sta­dio­nyň gy­ra­syn­dan eşi­dil­ýän şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar, ta­lyp­la­ryň joş­gun­ly ses­le­ri onuň özü­ne bo­lan yna­my­ny has-da art­dyr­ýar­dy. Şen­be gü­ni il­li­noýs­ly to­par bi­len bol­jak oýun­da tä­lim­çi­niň özü­ni esa­sy dü­zü­me go­şup, meý­dan­ça çy­kar­jak­dy­gy­ny Kris­ti­an eý­ýäm aň­ýar­dy.
…«On bäş ýyl» – di­ýip, Kris­ti­an tö­we­re­gi­ne na­zar aý­la­dy. Ol tür­gen­le­şik­den soň­ky gyz­gyn du­şy, te­nin­den bu­rug­sap çyk­ýan bu­gy, sa­byn kö­pür­jik­le­ri­ni, su­wuň as­tyn­dan eşi­dil­ýän şa­dy­ýan hiň­len­me­le­ri hem-de hem­me­le­riň mä­hir bi­len özü­niň ar­ka­sy­na ka­kyp gut­la­ýan pur­sat­la­ry­ny göz öňü­ne ge­tir­di.
Kris­ti­an how­luk­man ge­ýin­di, bedenine ra­hat­lyk ber­ýän ýum­şa­jyk, ýy­ly eşik­le­ri ony düý­bün­den baş­ga bir dün­ýä ata­ran ýa­ly bol­dy. To­pa­ryň ka­pi­ta­ny Pa­kard ýa­ny­na ge­lip: «Kris­ti­an, sen gel­jek iki ýyl­da uly sep­git­le­re ýe­tip bi­ler­siň» di­ýip eli­ni gy­syp­dy.
…Iň­rik ga­ra­lan­soň, as­man ga­ram­tyl-gök öw­süp, sta­dio­nyň aňyr­syn­da­ öz­bo­luş­ly öwüş­gin at­ýar­dy. Ol boş sta­dio­na göz aý­lap dur­şu­na, ge­çen gün­le­ri ýat­lap ça­la­ja ýyl­gyr­dy.
Kris­ti­an şen­be gü­ni öz to­pa­ry meý­dan­ça yl­gap çy­kan­da, sta­dio­na ýyg­na­nan uly mä­hel­lä­niň şow­hu­ny­nyň bir bö­le­gi­niň hut özi üçin bol­jak­dy­gy­ny anyk bil­ýär­di. Lui­za bol­sa ýo­luň gy­ra­syn­da, üs­ti açyk aw­tou­la­gyn­da oňa ga­ra­şyp otyr­dy. Ol gy­za ta­rap ba­kan­da, dil­da­ry­nyň nä­hi­li owa­dan­dy­gy­na ýe­ne bir ge­zek haý­ran gal­dy. Gy­zyň eg­ni­ne dü­şüp du­ran al­tyn­sow saç­la­ry, bi­le­si­ge­li­ji­lik bi­len bak­ýan ma­wy göz­le­ri, ýyl­gy­ryp du­ran owa­dan do­dak­la­ry ony bü­tin­leý özü­ne ben­di edip­di. Gyz ru­luň ba­şyn­da otu­ran ýe­rin­den aw­tou­la­gyň ga­py­sy­ny aç­dy-da:
– Nät­diň, bu ge­zek go­wy oý­na­dyň­my? – di­ýip ýyl­gyr­dy.
– El­bet­de, mäh­ri­ba­nym, sen mu­ňa as­la şüb­he­len­män bi­ler­siň – diý­di-de, Kris­ti­an gy­zyň gap­da­ly­na ge­çip otur­dy. Luiza ulagy köle tarap sürdi we olar depeleriň aňyrsyndan Aýyň dogşuny synladylar.
…Otuz bäş ýaşyndaky Kristian Darling iňrik garalyp barýan wagty ýazyň näzik otlarynyň üstünde ýöräp barşyna köne stadiona seredip oýa batdy. Şol şen­be gü­ni Kristian birinji toparyň dü­zümin­de oý­na çyk­dy. Ýö­ne äh­li zat ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly bol­ma­dy. To­pa­ra Alfred Di­de­rih at­ly öküz ýa­ly öňüne çykany ýykyp geçýän tä­ze bir oýun­çy gel­di. Ol bü­tin utuk­la­ry ga­za­nyp, hemmeleriň söýgüli ýyl­dy­zy­na öw­rül­di. Kris­ti­an bol­sa di­ňe onuň öňü­ni açyp ber­ýän go­rag­çy bo­lup gal­dy, bü­tin şöh­rat baş­ga bi­ri­ne ne­sip et­di.
Kol­le­ji ta­mam­lan­la­ryn­dan köp wagt geç­män­kä Luiza ikisi dur­muş gur­du­lar. Lui­za­nyň ka­ka­sy sy­ýa ön­dür­ýän uly te­le­ke­çi­di. Ka­ka­sy­nyň Kris­ti­an üçin Nýu-Ýork­da açyp be­ren söwda edarasy ola­ra ýyl­da on bäş müň dol­lar gir­de­ji ge­tir­ýär­di. Olar pul­la­ry­ny is­leý­şi­çe sow­ýar­dy­lar, çün­ki şol dö­wür­de hem­me zat, hat­da sy­ýa hem örän geç­gin­li ha­ryt­dy. Olar ýy­gy-ýy­gy­dan te­at­ra gid­ýär­di­ler, res­to­ran­lar­da wagt­la­ry­ny şa­ga­laň­ly ge­çir­ýär­di­ler. Lui­za öý­län­le­ri­ne çe­per­çi­lik ga­le­re­ýa­la­ry­na aý­lan­ma­gy go­wy gör­ýär­di, Kris­tia­nyň bol­sa beý­le ýer­ler­de ýü­re­gi gys­ýar­dy. Hep­de­de üç ge­zek ten­nis oý­na­ýan­dy­gy üçin Kris­tia­nyň ja­ny po­lat ýa­ly berk­di, sa­gat­dy.
Ýö­ne 1929-njy ýy­lyň agyr yk­dy­sa­dy çök­gün­li­gi Kris­tia­nyň maş­ga­la­sy­nyň, onuň ga­ýyn ata­sy­nyň hem ga­py­sy­ny kak­dy. Çökgünlik zerarly batan gaýyn atasynyň ýüregi çydamady we ol dünýäden ötdi. Kris­ti­an baş eda­ra­nyň ha­sap-ki­tap­la­ry­ny bar­la­mak üçin Çi­ka­go gi­den­de, kär­ha­na­nyň uly möç­ber­de ber­gi­si­niň bar­dy­gy­ny we am­mar­­da sa­tyl­ma­dyk bir­nä­çe gal­lon sy­ýa­nyň ga­lan­dy­gy­ny bilip galdy. Pal­ta­sy da­şa de­gen Kris­ti­an Nýu-Ýor­ka gaý­dyp ge­len­soň ruh­dan dü­şüp, gaýgy-hasrata gark bol­dy. Tiz wagtda puly gutaran maşgala Bikmen-Pleýsdäki kaşaň öýden göçüp, şäheriň başga bir künjündäki arzanrak öýi kärendesine almaga mejbur boldy.
Lui­za oňa:
– Bol­dy edäý in­di, özü­ňi beý­le gus­sa al­dyr­ma ahy­ryn – di­ýip ýal­bar­ýar­dy.
Kris­ti­an bol­sa di­war­dan asy­lan Pi­kas­so­nyň we Bra­kyň eser­le­ri­ne se­re­dip otu­r­şy­na:
– Bu­ kartinalary nä­me üçin bär­den as­dyň? Ma­ňa di­ňe at­la­ryň su­ra­ty ýa­ra­ýar, bu­la­ry ni­re­den ta­pyp ge­tir­diň? – di­ýip, gö­wün­li-göwünsiz my­dyr­da­dy.
– Bol­ýar, kö­şeş, men ola­ry hä­zir aý­ra­ryn – di­ýip, Lui­za ýu­waş­ja dil­len­di: – Özü­ňem bil­ýän­siň, men eý­ýäm köp ýyl bä­ri gü­nü­mi sun­gat ser­gi­le­ri­ne gat­nap ge­çir­ýä­rin. Bu me­niň sy­gyn­ýan ýe­ke-täk dün­ýäm ahy­ryn.
– Bolýa, degme, durubersin. Ýöne men mundan artyk wagtymy dört diwaryň arasynda, hasrat içinde geçirip bilmerin – di­ýip, Kris­ti­an sus­su­pes­lik bi­len hü­ňür­de­di.
Lui­za pal­to­sy­ny geý­di-de, öý­den çy­kyp git­di. Şol gün öýe gaýdyp gelende, ol eýýäm zenanlaryň moda žurnalyna işe ýerleşipdi. In­di Lui­za her gün ir­den işe gys­san­ýar­dy, Kris­ti­an bol­sa wag­ty­ny öý­de ge­çir­ýär­di. Maşgalanyň ähli çykdajylaryny bolsa Lui­za çek­me­li bol­ýar­dy. Lui­za žur­na­lyň re­dak­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne bel­le­nen­den soň, jo­gap­kär­çi­li­gi gün-gün­den art­ýar­dy. Ol žurnalyň tiražyny saklap galmak üçin dürli awtorlary çekmäge synanyşýardy, aktrisalar bilen söhbetdeşlik geçirip, olary surata düşürýärdi hem-de täze dostlar tapynýardy. Tä­ze ýe­re gö­çüp ge­len­le­rin­den soň Kris­tia­nyň dost-ýar­la­ry­nyň aýa­gy çe­kil­di. In­di bu ýe­re Lui­za­nyň iş­deş jo­ra­la­ry gel­ýär­di. Ol soň­ky wagt­lar Kris­tia­nyň hat­da ady­ny hem eşit­me­dik üýt­ge­şik ki­tap­la­ry oka­ýar­dy, dur­muş­da bol­sa, özü­ni ju­da ynam­ly alyp bar­ýar­dy.
Kris­tia­nyň dur­mu­şy bol­sa bar­ha du­man­lap, ter­si­ne gi­dip ug­ra­dy. Şon­da-da Lui­za oňa edil ça­ga se­re­den ýa­ly çe­me­leş­ýär­di, mu­nuň aňyr­syn­da bol­sa di­ňe re­him­dar­lyk duý­gu­sy ýa­tyr­dy. Ahyr­so­ňy Kris­ti­an del­lal­lyk eda­ra­syn­da ki­çi­räk işe ýer­leşip, özü­ni ma­li­ýe taý­dan azda-kände üp­jün et­me­gi ba­şar­dy. Wagt ge­çen­soň, oňa kol­lej­le­ri aý­la­nyp, ti­kin­çi­lik fir­ma­sy­nyň söw­da we­ki­li hök­mün­de pen­jek-ba­lak sat­mak işi tek­lip edil­di.
Fir­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Ro­zen­berg ony boý­dan-ba­şa syn­lap, şeý­le diý­di:
– Se­niň daş­ky keş­biň, giň egin­le­riň kol­le­jiň tür­gen ta­lyp­la­ry­ny ýa­da sal­ýar. Üs­te­si­ne-de, si­ziň şol wagt­lar Alf­red Di­de­rih bi­len bir to­par­da oý­nan­dy­gy­ňy­zy bil­ýä­rin.
Kris­ti­an:
– Sen ony gör­ýäň­mi? Onuň ýagdaýlary nähili? – di­ýip gy­zyk­lan­dy.
– Ol eý­ýäm ýe­di ýyl bä­ri de­mir kor­set­de gez­ýär. Fut­bol oý­nap ýör­kä boý­nu­na şi­kes ýe­tip­dir – di­ýip, Ro­zen­berg ulu­dan dem al­dy.
– Ol hem durmuşdan öz paýyny alan ýaly-la – diýip Kristian ajy ýylgyrdy.
Şol gün ag­şam Kris­ti­an Lui­za­nyň gap­da­ly­na ge­çip otur­dy-da, şeý­le diý­di:
– Men mun­dan beý­läk hep­de­de el­li-alt­myş dol­lar ga­zanç edip bi­le­rin. Nýu-Ýor­ka hem kä­wagt ge­lip-gi­dip du­ra­ryn. Biz in­di seý­rek gö­rüş­sek ge­rek – di­ýip, ala­da­ly ýyl­gyr­dy. Otuz bäş ýaş­ly Lui­za öň­kü­sin­de­nem owa­dan­dy, em­ma onuň sa­byr­ly hem re­him­li ba­kyş­la­ry­nyň aňyr­syn­da dur­mu­şyň ge­ti­ren ýa­daw­ly­gy hem-de kal­by­ny gur­şap alan in­çe­jik gus­sa du­ýul­ýar­dy.
«Men bu işe git­sem­mi­käm?» di­ýip, Kris­ti­an so­rag­ly na­za­ry­ny Lui­za aý­lan wag­ty kal­by­nyň bir kün­je­gin­de aýa­ly­nyň «Ýok, git­me, ýa­nym­da gal» di­ýen söz­le­ri­ne ga­raş­dy. Ýö­ne Lui­za so­wuk­gan­ly­lyk bi­len:
– Me­niň pi­ki­rim­çe, sen bu işe git­me­li – di­ýip, pa­ra­hat jo­gap ber­di. Kris­ti­an bol­sa ýü­zün­dä­ki duý­gu­la­ry­ny giz­le­mek üçin des­si­ne pen­ji­rä ta­rap öw­rül­di-de:
– El­li dol­lar az pul däl. Men mundan beýläk beýle pul gazanyp bilerin hem öýdemokdym – di­ýip, ýa­sa­ma ýyl­gyr­dy. Lui­za hem oňa go­şu­lyp gül­di.
…Kris­ti­an Dar­ling tür­gen­le­şik meý­dan­ça­sy­nyň ýum­şak gök ot­la­ry­nyň üs­tü­ne çök­di. Sta­dio­nyň içi­ni eý­ýäm ga­raň­ky gap­lap­dy. Uzak­da bol­sa kol­le­jiň umu­my­ ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň lo­wur­da­ýan yşyk­la­ry gö­rün­ýär­di.
«On bäş ýyl» – di­ýip, Kris­ti­an içi­ni hüm­let­di. Ol göz­le­ri­ni ça­la­ja ýu­mup, on bäş ýyl ozal­ky şol güýz gü­nü­niň ikin­di çag­la­ry­na do­lan­dy – to­py elin­den ber­män, go­rag­çy­la­ryň ara­syn­dan sy­pyp, pel­le­ha­na ta­rap yl­gap bar­ýan şol ýig­ri­mi ýa­şyn­da­ky özü­ni göz öňü­ne ge­tir­di. Şol pur­sat onuň öm­rü­niň iň be­lent no­ka­dy­dy, iň soň­ky şat­ly­gy­dy, şon­dan soň­ky dur­mu­şy di­ňe eň­ňit­den aşak inen ýa­ly­dy. Kris­ti­an ajy ýyl­gyr­dy. Kris­ti­an 1929-njy ýy­lyň yk­dy­sa­dy çök­gün­li­gi­ne-de, Nýu-Ýor­kuň kyn dur­mu­şy­na-da, hat­da Lui­za öý­len­mä­ge hem ta­ýyn däl eken. Hä­zir bol­sa ol on bäş ýyl ozal­ky şol geç­miş­de ga­lan meý­dan­ça­da ýeke-ýal­ňyz otyr­dy. Kris­ti­an ýe­rin­den tur­dy-da, ça­la­ja ýyl­gyr­ma­ga sy­na­nyş­dy, ýyl­gyr­ma­sa, göz­ýaş­la­ry­ny sak­lap bil­me­jek­di­gi­ni bilýärdi. Daş-tö­we­re­gi­ne göz gez­dir­di-de, içi­ni gep­let­di: «Hut şu ýer­de… O’Kon­no­ryň ma­ňa be­ren pa­sy­ny hut şu ýer­de ga­pyp­dym… şol dur­mu­şymyň iň be­lent no­ka­dy bolupdy».
Kris­ti­an ýerinden turup, el­le­ri­ni ýo­ka­ry gal­dyr­dy, şon­da to­puň aýa­la­ry­na güt­läp de­gi­şi­ni ýe­ne bir ge­zek du­ýan ýa­ly bol­dy. Kris­ti­an ça­la­syn öw­rü­lip, go­rag­çy­dan syp­ma­gy ba­şar­dy-da, aýak­la­ry­na bat be­rip, gö­ni pel­le­ha­na­nyň çy­zy­gy­na ok­du­ryl­dy. Tiz­li­gi­ni has-da art­dy­ryp, to­py elin­de ýe­ňil­lik bi­len sak­la­dy-da, soň­ky go­rag­çy­dan hem sy­pyp, pel­le­ha­na­nyň zo­la­gy­na ta­rap bar güý­ji bi­len yl­ga­dy. Pel­le­ha­na­nyň çy­zy­gyn­dan ge­çip, ba­dy­ny gow­şa­dan­da, otuň üs­tün­de bi­le­je otu­ran we özü­niň bol­şu­na geň ga­lyp se­red­ýän ýaş ýi­git bi­len gy­za gö­zi düş­di. Kris­ti­an sak­ga du­rup, eli­ni aşak goý­ber­di-de:
– Men… men bir­wagt­lar şu ýer­de oý­nap­dym – diýip, tol­gun­ma­dan ýa­ňa zor­dan dem al­dy.
Ýaş­lar oňa hiç zat diý­män, bi­ri-bi­ri­niň ýü­zü­ne se­re­diş­di­ler. Oňaýsyz ýagdaýa düşen Kristian ýylgyrdy, soňra olara çiňňerilip seretdi-de, eginlerini gysyp, hyrra yzyna öwrülip, myhmanhana tarap ýöneldi. Ýü­zün­den sy­ryg­ýan bur­çak-bur­çak der bol­sa, köý­ne­gi­niň ýa­ka­syn­dan içi­ne ak­ýar­dy.

Irwin Şou, amerikan ýazyjysynyň hekaýasyny ter­ji­me eden
Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew, «Zaman-Türkmenistan».