2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Belarus bilen birža haryt dolanyşygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ilkinji üçlügini Gazagystan, Täjigistan we Türkmenistan düzdi. Bu barada Belarusyň Uniwersal haryt biržasynyň (BUHB) metbugat gullugyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.

«Şol sanda Gazagystan boýunça bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwründäkä garalanda, 139 göterimi, Täjigistan babatda 308 we Türkmenistan boýunça 360 göterimi düzdi» diýlip, habarda bellenýär. Habarda şeýle hem GDA ýurtlaryndan bolan kompaniýalaryň birža geleşikleriniň möçberlerini yzygiderli artdyrmak hem-de täze gatnaşyjylaryň durnukly artmagyny üpjün etmek bilen, biržanyň daşky söwda ugrunyň ösüşinde möhüm orny eýeleýändikleri nygtalýar.

«Birža arkaly belarus harytlarynyň eksportunyň tas 70 göterimi GDA-nyň bazaryna degişlidir. Arkalaşykdan bolan gatnaşyjylaryň arasynda iň meşhur belarus harytlary – guradylan süýt, agaç materiallary,  mesge, et önümleri, zygyr süýümi, raps ýagy, iýmlik goşundylar» diýip, Belarusyň Uniwersal haryt biržasynyň başlygynyň kömekçisi Aleksandr Başliý gürrüň berdi.

Belarusyň Uniwersal haryt biržasy 2004-nji ýylda döredilip, ilkinji söwdalaşyklar 2005-nji ýylyň iýunynda boldy.