Bangladeşiň Prezidenti Mohammad Şahabuddin iş başyndan aýryldy. Ol 2028-nji ýylyň aprelinde tamamlanýan wezipe ygtyýarlylyklaryndan köp wagt öň wezipesini goýdy. Mohammad Şahabuddin wezipeden gitmegini saglyk ýagdaýy bilen baglanyşdyrdy diýip, «Daily Star» gazeti habar berdi.
Bangladeşiň Konstitusiýasyna laýyklykda, Prezidentiň borçlaryny Mejlisiň başlygy wagtlaýyn ýerine ýetirer. Öň Şahabuddiniň metbugat sekretary Sarwar Alam döwlet Baştutanynyň saglyk ýagdaýy bilen baglylykda, wezipesinden çekilmekçidigini habar beripdi.
PDF









