Fransiýanyň döwleti tarapyndan meşhur ýazyjy Alber Kamýunyň iň iri arhiwini satyn almak boýunça söwdalaşyk tamamlandy. Bahasy 9 million ýewro deň bolan bu golýazmalar Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) gaznasyna geçirildi. Bu ýerde olar ulgamlaşdyrylar, sanly formata geçiriler we tapgyrlaýyn esasda barlag geçirjiler hem-de köpçülik üçin elýeterli ediler. Söwdalaşyk döwlet, “Hermès” moda öýi hem-de CIC banky tarapyndan maliýeleşdirildi.
2024-nji ýylda özboluşly medeni ähmiýetli obýekt derejesi berlen bu arhiw 260 gutuda ýerleşdirilip, umumy uzynlygy 50 metr bolan materiallary öz içine alýar. Resminamalaryň arasynda ýazyjynyň romanlarynyň, pýesalarynyň, esseleriniň golýazmalary, iş depderçeleri, gündelikleri, gazet makalalary, fotosuratlar we şahsy hatlary bar. 1960-njy ýylda Kamýu awtoheläkçilikde wepat bolandan soň tapylan «Keseki» romanynyň özboluşly golýazmasy hem-de tamamlanmadyk «Birinji adam» romanynyň garalamalary aýratyn gymmata eýedir.
2027-nji ýylyň ýazynda Kamýua Nobel baýragynyň gowşurylmagynyň 70 ýyllygy mynasybetli bu arhiwden golýazmalaryň we beýleki materiallaryň sergisi geçiriler. Bu iri söwdalaşykdan ozal kitaphanada ýazyjynyň diňe aýry-aýry materiallary, şol sanda «Gyrgyn» romanynyň golýazmasy saklanýardy.
PDF









