«Titanik» gämisiniň heläkçiliginden birnäçe gün ozal ýazylan iň soňky hat Beýik Britaniýanyň Willeşir graflygynyň Dewizes şäherindäki auksion öýünde 60 müň funt sterlinge (80 müňden dollardan gowrak) satyldy. Ýokary gyzyklanma sebäpli, bu taryhy eksponatyň jemleýji bahasy ilkibaşda bellenilen iň ýokary çaklamadan (35 müň funt sterling) ep-esli geçdi.
Satlyga çykarylan hat 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde gäminiň ikinji klasynda syýahat edýän Genri Praýs Hojes tarapyndan ýazylypdyr. Ol Sautgemptondan Bosta ugraýan wagty dosty Gektor Ýanga ýazan hatynda gämidäki oňat şertler, açyk howa hem-de ýolagçylaryň wagtyny gyzykly geçirýändikleri barada habar beripdir. Şeýle hem ol Kwinstaundan ugradylan hatynda gaty ýadandygyny we irräk ýatmakçydygyny belläpdir.
Hatyň ýazylanyndan bäş gün geçenden soň, «Titanik» aýsberge urup gark boldy we Genri Hojes bilen birlikde 1,5 müň töweregi adam gark boldy. Hojesiň jesedi soňrak tapylyp, Kanadanyň Galifaks şäherindäki «Ferwýu» gonamçylygynda jaýlandy.
Mundan başga-da, şol auksionda üçünji klasly ýolagçy Ernest Tomliniň geýiminde saklanyp galan 1 dollarlyk banknot 37 müň funt sterlinge satyldy. Bu görkeziji hem öz gezeginde başlangyç bahasyndan dört esse ýokary bolup, rekord baha hökmünde hasaba alyndy.
PDF









