Biz hakyky möhüm zatlar hakynda gepleşmegimizi bes edenimizde, durmuşymyz paýawlap ugraýar.
Iň soňunda siz bäsdeşleriňiziň sözlerini däl-de, dostlaryňyzyň dymandygyny ýatlarsyňyz.
Martin Lýuter King.
Her kim adamzady özgertmek isleýär, ýöne hiç kim özüni nädip üýtgetmelidigi hakda pikir etmeýär.
Lew Tolstoý.
Maksadyň aýdyňlygy ähli üstünlikleriň gözbaşydyr.
Wilýam Klement Stoun.
Agaç ekmegiň iň amatly wagty mundan 20 ýyl ozaldy. Indiki amatly pursat bolsa şu gün.
Hytaý nakyly.
Ýatda saklaň, hiç kim razyçylygyňyz bolmasa, sizi kemsidilen ýaly duýmaga mejbur edip bilmez.
Eleonora Ruzwelt.
Hiç haçan ýykylmazlyk durmuşdaky iň uly üstünlik däl. Iň esasy zat, her gezekde turmagy başarmak.
Nelson Mandela.
Biz dünýäniň ösüşine goşant goşmak üçin geldik. Eýsem, näme üçin biz bu ýerde?
Stiw Jobs.
Göwher laýa gaçsa-da, göwherligine galar. Çaň asmana göterilse-de, çaňlygyna galar.
Saadi.
Gowy kitap beýik akyl eýesiniň ömründen soň hem täze ömür berlen gymmatly ruhy mirasydyr.
Jon Milton.
Dünýäniň nähilidigini biziň oňa bolan garaýşymyz kesgitleýär.
Mark Awreliý.
Ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görnüşiň ýaly bol.
Möwlana Jelaleddin Rumy.
Meni ýok edip bilmedik zat meni has-da güýçlendirýär.
Fridrih Nise.
Siz adama hiç zat öwredip bilmersiňiz, diňe şol zady oňa içinden tapmaga kömek edip bilersiňiz.
Galileo Galileý.
Aýdylman galan duýgular hiç wagt ölmeýär, olar ömürboýy adamyň içini iýip, bir gün has erbet görnüşde daşyna çykýar.
Zigmund Freýd.
Taryhdan alýan ýeke-täk sapagymyz adamlaryň taryhdan hiç hili sapak almaýandygydyr.
Georg Wilgelm Fridrih Gegel.
PDF








