Amerikan ýazyjysy Jeýms Fenimor Kuper (1789–1851) dünýä edebiýatynyň başdangeçirmeler görnüşiniň nusgawy wekili hasaplanýar. Kuper amerikan halkynyň durmuşyndan onlarça romanlary döretdi, onuň iň meşhur eseri dogduk topraklarynda gadymy oturymly halk bolan indeýleriň durmuşy barada gürrüň berýän «Mogikanlaryň iň soňkusy» romanydyr. Bu roman häzirki günde-de tutuş dünýäde giňden söýlüp okalýan eserleriň biridir.
Ýazyjynyň kakasy Wilýam Kuperiň bagty çüwdi: ol jemgyýetde hormatlanýan Fenimorlaryň maşgalasynyň görk-görmekli gyzynyň göwnüni awlamagy hem-de oňa öýlenmegi başardy. Aradan birnäçe ýyl geçensoň bolsa, Wilýam Kuper Otsego kölüniň etrabyndan kyrk akr ýer bölegini arzanjak nyrhdan satyn aldy. Bu kölüň günorta kenarýakasynda, Saskuinhanna derýasynyň gözbaş alýan ýerinde ol öz adyny göterýän şäherçäniň düýbüni tutup başlady.
Otsegonyň alkymyndaky şäherçäniň ilaty 35 hojalyga ýetende, Wilýam oňa özüniň köpsanly ilen-çalanlaryny göçürip getirdi. Olaryň arasynda Kuperiň körpe ogly Jeýms hem bardy. Täze şäherçe körpe Jeýms üçin hakyky jennet bolup göründi. Ýogsam näme, olaryň giň öýleriniň penjireleri Otsego kölüne bakyp durdy. Gyşyna ol ýerde aýagyň typgyçly gezip, tomsuna bolsa, kölde suwa düşüp, balyk tutup hem-de gaýykly ýüzüp bolýardy. Tokaýy diýsene! Heniz adam eli degmedik tokaýyň belli bahasy ýokdy, ondan Kuperstaunyň köçesine, garaşman durkaň, şahlary burum-burum çal sugun çykýardy.
Jeýms özi üçin görlüp-eşidilmedik erkinligiň hezilini görýärdi. Kuperstaunda ýekeje mugallymynyň bardygyna garamazdan, «Akademiýa» diýlip atlandyrylýan mekdepdäki sapaklaram çaganyň keýpini bozup bilmeýärdi. Emma Jeýmse diýseň hoş ýakýan bu hezillikler onuň ene-atasyny asla gyzyklandyrmaýardy, Wilýam Kuper eýýäm hormatlanýan kazydygyna garamazdan, oglunyň bikär hem gödek kowboý däl-de, okumyş we sylanýan adam bolmagyny isleýärdi.
Maşgala geňeşinde ony abraýly Ýel kollejine okuwa ibermek barada karara gelindi. Emma bu okuw mekdebiniň diwarlarynyň içinde ýetginjegiň uzak eglenesi gelmedi. Bir gezek synp otaglarynyň biriniň gapysyny gödeklik bilen döwen Jeýmsi okuwdan kowdular. Bu ene-atasynyň öz dikrarlaryny jemgyýet tarapyndan sylanýan adam edip ýetişdirmek baradaky arzuwynyň soňuna nokat goýlandygyny aňladýardy. Oglunyň gyňyr häsiýetlerini her edibem bolsa agyzdyryklamak islän kakasy ony deňiz gullugyna ýollady. Ilki deňizçi esger, soň kiçi serkerde bolup geçiren dört ýylynyň dowamynda Jeýms gämilerde ýüzdi, bu oňa, elbetde, kem ýaramady. Eger on sekiz ýaşly näzenin Sýuzan Augusto de Lansä duşmadyk bolsady, ol deňizçiligine hem galsa galardy. Emma ýaşajyk hanym oňa harby deňizçiligini taşlasa, durmuşa çykmaga razylyk berjekdigini mälim etdi.
Kuper özdiýenli Sýuzan bilen jedelleşip oturasy işiň ýokdugyna göz ýetirdi. Ol kakasynyň mülküniň alkymyndan kiçeňräk ýer bölegini satyn alyp, gelni bilen şol ýerde ýerleşdi. Kem-kem daýhançylyk tärlerini öwrendi. Birdenem daş-töweregindäkileri haýran galdyryp, roman ýazmak bilen meşgullanyp başlady…
Bu şeýle boldy. Bir gezek Jeýms Kuper ýoňlan gelnine Ýewropadan getirilen kitaby okap berip otyrdy. Kitapdaky wakalar şeýle bir gurak, içgysgynç beýan edilýärdi welin, ol çydam edip bilmän: «Eý, Taňrym, senden-ä menem gowy ýazardym!» diýip kitabyň awtoryna gaýybana käýinip goýberdi. Aýaly Jeýmsiň bu sözüne ýylgyrmak bilen jogap berdi, sebäbi ol adamsynyň stoluň başynda oturyp, hat ýazmagy halap barmaýan adamdygyny oňat bilýärdi.
Emma Kuper bu ýerde-de hemişeki gyňyrlygyny etdi, stoluň başyna geçdi-de, birnäçe aýyň içinde özüniň hyýalkeşlige ýugrulan «Seresaplylyk» atly ilkinji romanyny ýazyp gutardy. Soň okamaga beren dost-ýarlarynyň hem ilen-çalanlarynyň maslahaty bilen ilkinji romanyny neşir etmegiň kül-külüne çykdy.
Elbetde, «Seresaplylyk» aňrybaş kitap-ha däldi, ýöne läliksiredilen okyja täze kitabyň neşir edilmeginiň özi-de eýýäm gyzyklydy. Ilkinji kitabynyň, garaz-ha, okalýandygyndan ganat beklän Kuper edebiýat bilen meşgullanmagyny dowam etmegi berk ýüregine düwdi. Ol indi Amerikanyň taryhy barada roman ýazmagyň arzuwyna ulaşdy. Şol wagt Kuperiň watanynda milli edebiýat asla ýok diýseňem boljakdy. Şonuň üçin britaniýaly edebiýat tankytçylary «Heý, haçanam bolsa, hakyky amerikan kitabyny ýa-da amerikan pýesasyny okap göreniňiz barmy? Hany olaryň Skottlary, Kempbelleri, Baýronlary?» diýen sowaly bermegi gowy görýärdiler. Olaryň bu gižželeýji sowallary çetine degen Kuper öňünde ägirt uly maksat goýdy. Kitabyň ýordumyny oňa bir wagt Howpsuzlyk boýunça geňeşde gulluk eden ýakyn dostlarynyň biri salgy berdi. Ol adam, ýagny, Jon Jeý ABŞ-nyň Garaşsyzlygy ugrundaky söweşlerde özüniň angliýalylaryň harby maksatlary barada gizlin maglumat getiren içalylar bilen duşuşandygyny gürrüň berip öwünmegi halaýardy… Ine, şol içaly hem Kuperiň «Içaly» atly amerikan taryhyna degişli ilkinji romanynda baş gahrymanyň ornuny eýeledi.
Emma şowly çykan hem bolsa, ýeke-täk roman milli edebiýaty hasyl etmeýär. Kuper welin, juda tutanýerlidi, ol ýene galama ýapyşdy. Bu gezek özüniň meşhur «Ilkibaşkylar» eserini – amerikan topraklaryny ilkinji özleşdirijiler baradaky romanyny ýazýar. Bu romanda okyjylar soň şöhrata beslenen edebi gahrymanlar – akýagyz awçy Natti Bampo hem onuň wepaly indeý dosty Çingaçguk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar… Romanyň neşir edilmegi Kupere şöhrat getirdi, emma arzuwlanýan ummasyz gazanç welin, heniz alysdady. Bir gezek ummasyz bergileri üçin onuň öý goşlaryny tasdan auksiona-da çykarypdylar. Hemişe pulsuzlygy Kupere özüniň pynhan arzuwyny – Ýewropa syýahat etmegi amala aşyrmaga päsgel berýärdi. Aradan birnäçe ýyl geçensoň, ol bergilerini üzlüşdi hem maşgalasyny alyp, Fransiýa ýola düşdi. Fransiýa ugramazyndan öň ol ejesiniň islegini durmuşa geçirdi: ýerli häkimiýetlerden öz adynyň Jeýms Fenimor Kuper diýlip tutulmagyny gazandy. Ýewropada ýazyja haýran ediji duşuşyk garaşýardy: şol gün myhmanhanadan çykanda, onuň bir goja gözi düşdi. «Meniň göwnüme onuň ýüzi tanyş ýalydy» diýip, ýazyjy ýatlaýar. «Biz birek-birek bilen däp bolşy ýaly, baş atyp salamlaşdyk. Emma birdenkä nätanyş goja aýak çekdi-de, menden fransuzçalap: «Men jenap Kuperi görüp bilmezmikäm?» diýip sorady. Soňam sözüniň üstüni ýetirdi: «Meniň adym Walter Skott».
Bu görülmedik hormatdy. Dünýä meşhur ýazyjy, görlüp oturylsa, tankytçylar tarapyndan «Amerikanyň Walter Skotty» diýlip baha berlen ýazyjy Jeýms Kuperi görmek üçin ýörite Londondan gelen eken…
Kuper Ýewropadaky durmuşdan lezzet alýardy. Ol Fransiýany, Italiýany, Şweýsariýany, Angliýany aýlanyp çykdy. Aradan ýedi ýyl geçensoň, watanyna dolanmak kararyna geldi.
Watany bilen uzak ýyllardan soňky duşuşyk Kupere şatlyk getirmedi. Ýewropa bilen tanyşlykdan soň, oňa Amerika tukat bolup görünýärdi. «Men öz ýurdum bilen aýrylyşdym…» diýip, soň Fenimor Kuper gussa bilen ýatlady.
Amerikalylarmy? Olar ýazyjyny islendik zady üçin bagyşlap biljekdiler, emma Kuperiň özleriniň söýgüli demokratiýalaryny tankyt etmegini welin bagyşlap bilmeýärdiler. Kuperden nägilelik gazet sahypalaryna doldy. Tankytçylar hatda onuň şahsyýetine dil ýetirmekdenem gaýtmaýardylar. Ýazyjynyň «Monikinler» atly romany neşir edilenden soň bolsa, ony «akylyndan azaşan» diýip tankytladylar. Kuperiň bihaýa redaktorlara garşy kazyýet seljerişleri diňe oda nepýag guýýardy. Ýazyjynyň «Kuper ýazjagyny ýazdy, onuň gory tükendi» diýen ýaňsyly söz bilen asla ylalaşasy gelmeýärdi. Megerem, hut şu çetine degiji sözleriň ýalandygyny subut etmek üçindir, ol «Gön jorap» baradaky meşhur romanlaryny ýazmagyny dowam edýärdi. Kitapdan kitaba onuň baş gahrymany juwanlaşýardy, beýan edişi has gussaly we hyýalbent häsiýete eýe bolýardy.
Hiç zat Kuperi boýun egmäge mejbur edip bilmeýärdi. Ol henizem özüniň syýasy garaýyşlaryny gizlemek islemeýärdi we kazyýet edaralarynyň işigini torç edýärdi. Dogduk watany Kuperstaunyň ýaşaýjylarynyň edebiýaty hälki bir tenteklik hasap edýändikleri-de oňa nobatdaky eseriniň üstünde işlemäge päsgel bermeýärdi. Iň ahyrky küti kitaby bolan «Nýu-Ýorkuň taryhy» ýazyjynyň ýurduny täzelemeginden birnäçe aý öň neşir edildi.
Her niçigem bolsa, Jeýms Fenimor Kuper amerikan edebiýatynyň düýbüni tutujylaryň biri hökmünde taryha girmegi başardy. Ol bu mertebä özüniň eser ýazmak barada tötänden dörän pikirini durmuşa geçirmek hem-de zehinini ykrar etdirmek ugrunda çeken yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen ýetdi. Kuperiň işjanlylygy, erjelligi ýazyjylaryň islendigi üçin görelde mekdebi bolup bilse gerek. Onuň romanlarynyň gahrymanlary bolsa, bu gün kitaplardyr çeper filmler arkaly nesilleriň hakydasynda baky ýaşaýşyny dowam edýär…
Taýýarlan Hemra Hudaýgulyýew.
PDF








