Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrmak esasynda dünýä döwletleridir abraýly sebit we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürýär. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr.
Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Döwletimiz BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde bu halkara guramanyň mejlislerine ýokary derejede gatnaşýar. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlislerinde wise-başlygyň borçlaryny belent abraý bilen ýerine ýetirendigini hem-de ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlary esasynda onlarça dünýä ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilendigini aýratyn nygtamak gerek.
Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň taryhyndaky ýeke-täk tejribe bolan BMG-niň ýörite Kararnamalary bilen ykrar edilen ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesi dünýäde howpsuzlygy üpjün etmekde, adamzadyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz meseleleri sazlaşykly çözmekde, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilen netijeli gural hökmünde çykyş edýär.
Soňky ýyllarda döwletimiziň Milletler Bileleşiginiň esasy agentlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen barha berkeýän gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykýar. Merkezi Aziýa BMG-niň
howanyň üýtgemegine garşy göreş, suw we azyk howpsuzlygy, gender deňligi, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça köp sanly başlangyçlary durmuşa geçirmek we giňeltmek üçin meýdança öwrüldi. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly işler, 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde başy başlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň işi, şeýle hem Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ilkinji bilelikdäki okuw maslahatynyň geçirilmegi sebitleýin utgaşygyň iş ýüzündäki mysallarynyň hatarynda durýar. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine we mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk we döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär.
Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Şoňa laýyklykda, ýurdumyz parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgeleri esasynda täzeçil teklipleri öňe sürýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder. Bu ugurda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ulag, durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy, ekologik howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmagy, ynsanperwer hyzmatdaşlykda zenanlaryň we ýaşlaryň dialogyny ösdürmäge aýratyn üns berilmegi ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň işine işjeň goşulýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Umuman, Türkmenistanyň BMG bilen netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen diplomatik işjeňligini hem-de halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýyny alamatlandyrýar. Bu bolsa döwletimiziň içeri we daşary syýasy ugrunyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolup galýandygy bilen şertlendirilendir.
Hydyr Abakow,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Medeniýet we metbugat bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
PDF








