Mälim bolşy ýaly, geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Mejlisde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuwçylar we talyplar üçin zerur bolan harytlaryň söwdasyny guramak boýunça degişli işler geçirilýär. Söwda nokatlarynda okuw esbaplaryny ilatymyza hödürlemek göz öňünde tutulýar. Mejlisde hormatly Prezidentimiz ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýlelikde, ertir mekdep bazarlary işläp başlar, mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde 1-nji awgustdan 5-nji sentýabra çenli guralar.
Ýurdumyzda söwda nokatlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri, haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyryldy. Sanly ulgamy ösdürmek, ilata döwrebap hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, elektron söwda dükanlary arkaly bu harytlary halka hödürlemek hem-de eltip bermek hyzmatlary hem ýola goýlar.
Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösmeginiň, şol sanda ýurdumyzyň ykdysady, ylym-bilim kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň esasy hem-de möhüm şertidir. Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen işlere, bilim edaralaryny zerur okuw esbaplary, döwrebap okuw-tehniki enjamlary bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän okuwçylardyr talyp ýaşlar, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek körpeleriň ene-atalary mekdep bazarlaryndan, ýöriteleşdirilen dükanlardan gerekli okuw esbaplaryny satyn alarlar. Bu ýerlerde okuw esbaplarynyň dürli görnüşleri hödürlenýär. Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar üçin niýetlenen okuw esbaplary özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Olaryň arasynda oglanlar we gyzlar üçin ýokary hilli materiallardan öndürilen ýantorbalar, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri, paýtagtymyzyň owadan binalarynyň şekilleri bilen bezelen depderler we beýleki okuw esbaplary bar. Dürli okuw derslerine niýetlenip öndürilen depderler, şeýle hem sözlükdir kartalar ýaşlaryň okuwa bolan höwesini artdyrýar. Okuw esbaplarynyň ählisini mekdep bazarlaryndan we ýörite dükanlardan elýeterli bahadan satyn almaga hemme mümkinçilikler döredilen.
Biziň «Galam» dükanymyz hem indi birnäçe ýyl bäri kanselýariýa harytlary, okuw esbaplary, baýramçylyklar we belli seneler üçin sowgatlyklar satylýan iň uly dükanlaryň biri bolup, ilatymyza ýokary derejede hyzmat edip gelýär hem-de ýyl-ýyldan öz işini kämilleşdirip, hyzmatlaryň gerimini giňeldýär. Ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine uly itergi berýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösüşiň şeýle ýokary derejelerine çykarmaga mümkinçilik döreden Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.
Döwlet ÖWLÝAGULYÝEW,
telekeçi, Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatynyň agzasy.
PDF







