Te­bi­gat­da is­len­dik jan­da­ryň ýa-da mör-mö­je­giň özü­ne mah­sus go­ra­nyş uky­by we tä­sin daş­ky gör­nü­şi bol­ýar. Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da, Ýew­ro­pa­nyň gü­nor­ta­syn­da, De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­da we Azi­ýa­nyň gu­rak ýer­le­rin­de duş gel­ýän al­tyn ýu­murt­ga­ly mö­je­jik (Phyl­lo­morp­ha lacinia­ta) hem şo­la­ryň bi­ri­dir. Al­tyn ýu­murt­ga­ly mö­je­jik özü­niň üýt­ge­şik daş­ky gö­rnü­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Çöl­de bit­ýän gy­rym­sy aga­jyň ýap­ra­gy­na meň­zeş bu mö­je­ji­giň en­dam-ja­ny owun­jak ti­ken­ler bi­len örtülip­dir. Bu bol­sa mö­je­ji­giň gu­ran ýap­rak­la­ryň ara­syn­da giz­len­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Goň­rum­tyl reňk­li mö­je­ji­jiň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy ýu­murt­ga­sy­ny göw­re­si­niň üs­tün­de sak­la­ma­gy­dyr. Adat­ça, beý­le­ki mör-mö­jek­ler hin ýa-da çu­kur­jyk ga­zyp, ýu­murt­ga taş­la­ýan bol­sa, ýap­ra­ga meň­zeş mö­je­jik­ler nes­li­ni go­ra­mak we do­wam et­dir­mek üçin ýu­murt­ga­sy­ny ti­ken­le­ri­niň ara­sy­na go­ýup, gö­te­rip gez­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, ga­ryn­ja we ow­nuk süý­re­ni­ji­ler­den go­ran­ýar­lar. Mör-mö­je­giň bu gör­nü­şi 1789-njy ýyl­da res­mi taý­dan köp­çü­li­ge yg­lan edil­ýär.
Te­bi­ga­tyň haý­ran gal­dy­ry­jy bu jan­da­ry ýa­rym­ga­nat­ly­lar (He­mip­te­ra) otr­ýa­dy­na de­giş­li­dir. Ti­ken­li gy­rym­sy agaç­la­ryň we gül­le­riň ara­syn­da ýa­şa­ýan ýap­ra­ga meň­zeş mö­je­jik­ler ösüm­lik­le­riň şi­re­si bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Te­bi­gy iý­mit zyn­jy­ry­nyň bir bö­le­gi bo­lup dur­ýan al­tyn ýu­murt­ga­ly mö­je­jik­ler çöl ekoul­ga­my üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.