Gyrgyzystanda nobatdaky prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçiriler. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär. Prezident Sadyr Žaparow ýurduň saýlaw kanunçylygyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda konstitusion kanuna gol çekdi. Täze resminama laýyklykda, döwlet Baştutanynyň nobatdaky saýlawlary häzirki Prezidentiň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýan ýylynyň ýanwar aýynyň dördünji çarşenbe gününde geçiriler.
Şeýle hem kanuna laýyklykda, ýurduň parlamentiniň deputatlarynyň saýlawlary häzirki çagyryşyň konstitusion ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýan aýynyň çarşenbe gününde geçiriler. Kanun resmi taýdan çap edilen gününden başlap güýje girýär.
PDF








