Ispaniýanyň Kordowa welaýatynyň Fuente-Alamo arheologik toplumynda Iberiýa ýarymadasynyň iň gadymy kitaphanasy ýüze çykaryldy. Kordowa we Granada uniwersitetleriniň alymlarynyň barlaglaryna görä, bu tapyndy tutuş Rim imperiýasynyň günbatar çägindäki iň gadymy hem-de iň gowy saklanan kitaphanalaryň biri bolup biler. Barlagyň netijeleri baradaky köp sanly maglumatlar «Journal of Mediterranean Archaeology» žurnalynda çap edildi.
Alymlar binalaryň gurluşyny derňemek usuly arkaly toplumyň 10-njy otagynyň rim kitaphanalaryna mahsus ähli aýratynlyklara eýedigini anykladylar. Otagda kitap tekjeleri üçin niýetlenen ýörite öýjükler, podium hem-de iş we ammar hökmünde ulanylan goşmaça otaglar bar. Müňýyllyklaryň dowamynda gowy saklanan bu binagärlik aýratynlyklary otagyň öň öňe sürlişi ýaly diňe bir Mitra taňrysynyň ybadathanasy bolman, eýsem hakyky kitaphana hökmünde ulanylandygyny subut edýär.
Taryhy maglumatlara görä, bu bina ilki miladydan öňki I asyrda hammam hökmünde gurlupdyr. Soňra b.e. III asyrynda ulanylman galan bu ýer mülke öwrülipdir, IV asyr töweregi bolsa gaýtadan gurlup, kitaphana hökmünde peýdalanylyp başlanypdyr. Bu desga VI asyrdaky täze özgerişliklere çenli öz taryhy ähmiýetini we meşhurlygyny saklapdyr.
PDF








