Hünärmenleriň we bilermenleriň bellenmegine görä, Hindistanyň paýtagty Deli şäherinde 1-nji iýuldan başlap, täze bellige alynýan ulaglaryň agramly bölegini elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglara geçirmek boýunça täze syýasat güýje girdi. Bu maksatnama ýurduň taryhynda elektrologistika boýunça iň uly taslamalaryň biri bolup, şäherde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga we howanyň hapalanmagyny azaltmaga gönükdirilendir. Umumy bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna deň bolan bu maksatnamanyň çäklerinde elektroulag satyn alýan adamlara döwlet tarapyndan ýeňillikler, subsidiýalar berilýär we köne benzinli ulaglaryny tabşyran raýatlara pul pul sylaglary göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi ýaly, täze syýasatyň esasy ugry şäherdäki ulaglaryň 70 göterimini tutýan iki we üç tigirli ulag serişdelerine gönükdirilendir. Resminama görä, 2027-nji ýyldan başlap täze bellige alynjak ähli üç tigirli ulaglar hem-de kiçi ýük awtomobilleri, 2028-nji ýyldan başlap bolsa iki tigirli ulaglar diňe elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşde bolmalydyr. Hünärmenler bu taslamanyň awtoöndürijiler hem-de sarp edijiler üçin ekologiýa taýdan arassa ulaglara geçmegiň uly tapgyrydygyny nygtaýarlar. Häzirki wagtda Delide bellige alnan 8,7 million ulagdan diňe 5 göterim töweregi elektroulaglardan ybarat bolsa-da, soňky ýyllarda olaryň sany çalt artýar. Şol bir wagtyň özünde, paýtagtda kuwwatlandyryş beketleriniň ulgamyny giňeltmek hem-de infrastrukturany kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler bellenildi.
PDF








