Angliýanyň “Çelsi” kluby ýene bir oýunçyny transfer etdi. Londonlylar bu gezek ýaş futbolçy däl-de, weteran oýunçy, angliýaly meşhur hüjümçi, 35 ýaşyndaky Denni Welbegi düzümine goşdy. “Çelsi” topary Welbegiň transferi üçin “Braýton” toparyna 5 million ýewro berip, oýunçy bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Mançester Ýunaýtedde” futbola başlan Denni Welbek “Preston Nort End”, “Sanderland” klublarynda kärendesine oýnady. “Arsenal”, “Watford” toparlarynyň köýnekçesini geýen Welbek 6 möwsümden bäri “Braýton” toparynda oýnap gelýärdi. Ol şu wagta çenli klublarda 525 oýunda 123 gol geçirdi. Welbek iňlis futbolynyň taryhynda “Mançester Ýunaýted”, “Arsenal” hem-de “Çelside” oýnan ilkinji angliýaly futbolçy bolar.
PDF








