Çarşenbe güni irden “SpaceX” kompaniýasynyň «Falcon 9» raketasynyň dört tonnalyk böleginiň Aýyň üstüne gaçandygy çaklanylýar. Hünärmenleriň bahalandyrmasyna görä, bu wakanyň Ýer üçin hiçbir howpy ýok. Doly bolmadyk maglumatlara görä, agramy 4 tonna golaý bolan bu bölek 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Aýa gonýan iki sany moduly orbita çykarmak üçin ulanylypdy.

Obýektiň sagatda, takmynan, 8 700 kilometr tizlik bilen Aýa urulmagy netijesinde, onuň Gün düşýän günbatar çetinde diametri 27 metre, çuňlugy bolsa 5 metre golaý bolan çukury emele getirendigi çaklanylýar. Milli aeronawtika we kosmos dolandyryşy müdirligi (NASA) bu wakanyň Ýer üçin howpsuzdygyny hem-de Aýy öwrenmek we kosmiki obýektleri yzarlamak usullaryny kämilleşdirmek üçin goşmaça maglumat toplamaga mümkinçilik berjekdigini mälim etdi.

“SpaceX” bu bölegiň Aýa urulmagyny öňünden meýilleşdirmedi. Kosmiki uçuşlar boýunça hünärmenler raketanyň ýokarky basgançagynyň Güne tarap ugrukdyrylan ýagdaýynda bu çaknyşykdan gaça durup boljakdygyny belleýärler. Bu waka kosmiki galyndylar we Ýeriň hem-de Aýyň töweregindäki meýdanlaryň hapalanmagy baradaky meseleleri ýene-de öňe çykardy. Aýyň günorta polýusyny öwrenmek boýunça täze taslamalaryň, şol sanda NASA-nyň «Artemis III» missiýasynyň öňüsyrasynda kosmiki galyndylara gözegçiligi güýçlendirmek meseleleri barha uly ähmiýete eýe bolýar.

Bellenilmeli zatlaryň biri hem, Ilon Maskyň “SpaceX” kompaniýasy Aýa gaýtadan adam ibermek maksatnamasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Kompaniýa Aýa gonýan iki sany moduly guraýar. Waka “SpaceX”-iň gazna biržasyna çykandan soňky ilkinji girdeji hasabatyny beren gününe gabat geldi.