ABŞ-nyň Miçigan ştatynda Senat saýlawlary boýunça Demokratik partiýa tarapyndan guralan deslapky saýlawlarda (praýmeriz) öňdebaryjy syýasatçy Abdul El-Saýed ýeňiş gazandy. Ol noýabr aýynda geçiriljek esasy saýlawlarda respublikaçy dalaşgär Maýk Rojers bilen bäsleşer. Bu saýlawlaryň netijeleri ABŞ-nyň Kongresiniň geljekki düzümini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Bilimi boýunça lukman bolan hem-da ozal jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çeken Abdul El-Saýed partiýa elitasynyň we Senatdaky demokratlaryň lideri Çak Şumeriň goldan bäsdeşi Heýli Stiwensden az tapawut bilen öňe geçdi. Saýlawlaryň netijeleri yglan edilenden soň, El-Saýed özüniň sosial ulgamlardaky sahypasynda bäsleşigiň netijelerine ýokary baha berip, Heýli Stiwensi noýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda ýeňiş gazanmak üçin bilelikde zähmet çekmäge çagyrdy. Öz gezeginde Heýli Stiwens hem bäsdeşini ýeňşi bilen gutlap, partiýanyň agzybirligini saklamak we esasy saýlawlarda köpçülikleýin goldaw gazanmak üçin El-Saýede doly ýardam berjekdigini mälim etdi.
Abdul El-Saýed özüniň saýlaw maksatnamasynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge hem-de iri işewürleriň däl, eýsem ýönekeý raýatlaryň bähbitlerini goramaga esasy ünsi gönükdirdi.
PDF








