5-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝHHG-niň işiniň häzirki gün tertibindäki meselelerini, Türkmenistan bilen Guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny, şeýle hem Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli hem-de amaly häsiýete eýedigi, onuň ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň her ýylky Taslamalar meýilnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýandygy, şol meýilnamanyň Guramanyň işiniň üç ölçeginiň ählisini öz içine alýandygy bellenildi.

Taraplar Aşgabatda ÝHHG-niň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sebit çärelerini yzygiderli geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar hem-de ozal bilelikde geçirilen çäreleriň netijelerine oňyn baha berdiler. Şeýle hem ýakyn wagtda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we öňdebaryjy tejribäniň alşylmagyna gönükdirilen birnäçe bilelikdäki çäräniň taýýarlygy boýunça pikir alşyldy.

Duşuşykda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy ÝHHG-niň Şweýsariýa başlyklygy, Guramanyň Sekretariaty, onuň institutlary hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen mundan beýläk-de ýakyn we konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.