Tomus paslynda çagalara we gartaşan adamlara ir säher bilen, sagat 06.00-dan-09.00-a çenli, öýlän bolsa sagat 18.00-dan-21.00-a çenli gezelenç etmek maslahat berilýär.
Tomus paslynyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. Daşaryk çykylanda Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmeli, ýaglyk örtünmeli, Günden goraýan saýawanlary ulanmaly. Ýanyňyza ýeterlik mukdarda agyz suwuny almaly.
Sagdyn we kadaly iýmitlenip, günüň dowamynda gök önümleridir miweleri köpräk iýmeli. Gök we miwe önümleri arassaçylyk talaplaryna laýyklykda saklanmaly.
Ýiti iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny doly hem-de dogry berjaý etmeli. Olary söwda merkezlerinden, ak bazarlardan satyn almaly.
Tomus paslynda şöhlat önümlerini we demir, aýna gaplara gaplanan iýmit önümlerini ürç edip iýmekden saklanmaly.
Günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzy 3-5 gramdan artyk bolmaly däl.
Günüň dowamynda 1,5-2 litrden az bolmadyk arassa agyz suwuny içmeli.
Yssy howada daşardan içeri girilende bedeniň gyzgynlygyny aýyrmak üçin işläp duran serginledijiniň öňünde göni durmakdan we sowadyjyda duran sowuk suwy içmekden saklanmaly.
Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasyny baglanyşyp, döredilen ýeňilliklerden peýdalanyp, ýylda bir gezek ýurdumyzda hereket edýän şypahanalarda dynç almaly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
PDF








