Wagt­ly-wag­tyn­da ge­re­gi­çe iýip-iç­mek her bir adam üçin örän mö­hüm­dir. Eger ze­rur muk­dar­dan az iýil­se, hor­la­nyp, tap­dan düş­mä­ge ge­tir­ýär. Aşa köp iý­mek hem saglyk üçin zyýanlydyr. Şo­nuň üçin ylaý­ta-da, ça­ga­lar­dyr ýet­gin­jek­le­riň na­har­la­ny­şy­ny üns ber­me­li. Se­bä­bi ola­ryň ösüp bar­ýan be­de­ni wi­ta­min­li iý­mit­le­ri kän ta­lap ed­ýär. Dog­ry, ka­da­ly na­har­lan­ma­gyň ýaş ýet­gin­jek­le­riň sag­dyn ösüp-ulal­ma­gyn­da äh­mi­ýe­ti örän uludyr. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, kä­bir adam­lar çen­de­na­şa köp iýip, ýa­kar-ýak­maz gu­ry-gu­rak iýip oň­ýar­lar. Bol­man­da her gün bir ge­zek gyz­gyn na­ha­ryň ze­rur­dy­gy­na üns hem ber­me­ýär­ler. Öz­le­ri-de ho­wul-ha­ra iýip-iç­ýär­ler. Bu bol­sa köp­lenç az­gan­ly­lyk, aş­ga­zan-içe­ge, ba­gyr ke­se­lleri­niň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär.
Iýer­men ada­myň ýag­da­ýy git­di­gi­çe kyn­laş­ýar. Ola­ryň aş­ga­zan­dyr iý­mit siň­di­riş ag­za­la­ry ba­sym san­dan çyk­ýar, işe uky­by­ny pe­seld­ýär, ze­hi­ni, aky­ly kü­te­li­şip, so­ňa­ba­ka be­de­ni gow­şa­ýar. Ýü­re­ga­gy­ry­dan ejir çek­ýän­le­rem az bol­ma­ýar. Wagt­ly-wag­tyn­da ýo­kum­ly iý­mit­ler bi­len dog­ry iý­mit­len­ýän adam­lar bu dert­den daş­da bol­ýar­lar. Ka­da­ly iý­mit­den yn­san be­de­ni özü­ne ge­rek­li be­lok­la­ry, ýag­la­ry, ug­le­wod­la­ry, mi­ne­ral mad­da­la­ry, wi­ta­min­le­ri al­ýar. Hu­su­san­-da, gök önüm­le­ri ýy­lyň äh­li döw­rün­de iý­mek ze­rur. Çün­ki gök önüm­le­riň dü­zü­min­de adam be­de­ni­ne ze­rur bo­lan dür­li wi­ta­min­ler köp.
«Gör­kem agyz­dan, der­dem» diý­li­şi ýa­ly, köp iý­mek zy­ýan­ly. Bir otu­ryş­da aşa do­ýup iý­mek aş­ga­za­nyň süý­nüp, göw­rü­mi­niň gi­ňel­me­gi­ne ge­tir­ýär, çe­ýe­li­gi­ni gow­şad­ýar. Şon­ça iý­mi­ti siň­dir­mek üçin şol muk­dar­da su­wuk­ly­k ge­rek. Çalt iş­le­me­li bol­ýan­dy­gy, aşa ag­ram düş­ýän­di­gi üçin be­den ag­za­la­ry­nyň saz­la­şy­gy bo­zul­ýar. Ne­ti­je­de, be­den ze­rur be­lok­la­ry, wi­ta­min­le­ri, beý­le­ki mad­da­la­ry alyp bil­me­ýär.
Eý­sem, dog­ry iý­mit­len­mek üçin nä­me et­me­li? Bu so­wa­lyň ýö­ne­keý jo­ga­by bar. Bir­ba­da köp iý­me­li däl. Gün­de­lik düz­gü­ni ka­da­ly ber­jaý et­me­li. Gün­do­ga­ryň pä­hi­mi­ne eýe­rip, «Az-az­dan, ýö­ne ýy­gy-ýy­gy­dan iý­me­li».
Her gün dört ge­zek – er­tir­lik, guş­luk, gü­nor­tan­lyk hem-de ag­şam­lyk na­har­lan­mak her bir adam üçin peý­da­ly­dyr. Ýa­tyl­maz­dan öň aşa doý­mak sag­lyk üçin örän zy­ýan­ly­dyr. Dok gar­ny­ňa uky­ňy go­wy alyp bol­ma­ýan­dy­gy bi­len bir ha­tar­da, ada­my aşa sem­re­dip, ýü­rek, gan-da­mar ke­sel­le­ri­ne du­çar ed­ýär. Ag­şam­lyk na­ha­ry­ny ýa­tyl­maz­dan 1,5-2 sa­gat öň iý­me­li. Bu düz­gün ber­jaý edil­me­se, adam il­ki bi­len oňat uk­lap bil­mez we aş­ga­za­nyň iş­leý­şin­de nä­saz­lyk çy­kar.
Na­ha­ry how­luk­man iý­me­li. Na­har­lan­ýar­kaň ün­sü­ňi baş­ga ýa­na sow­mak hem zy­ýan­ly. Na­ha­ry ha­ýal iý­me­giň peý­da­ly­dy­gy­ny ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar gör­kez­ýär. Şu aý­dy­lan­lar do­ly we dog­ry ber­jaý edil­se, sag­dyn ýa­şa­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­ýär.

Arazberdi REJEPOW,
Köneürgenç etrap saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.