To­mus pas­lyn­da ça­ga­la­ra we gar­ta­şan adam­la­ra ir sä­her bi­len, sa­gat 06.00-dan-09.00-a çen­li, öý­län bol­sa sa­gat 18.00-dan-21.00-a çen­li ge­ze­lenç et­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
To­mus pas­ly­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­ýin­me­li. Da­şa­ryk çy­ky­lan­da Gü­nüň ýi­ti gö­ni şöh­le­sin­den go­ran­mak üçin baş­gap geý­me­li, ýag­lyk ör­tün­me­li, Gün­den go­ra­ýan sa­ýa­wan­la­ry ulan­ma­ly. Ýa­ny­ňy­za ýe­ter­lik muk­dar­da agyz su­wu­ny al­ma­ly.
Sag­dyn we ka­da­ly iý­mit­le­nip, gü­nüň do­wa­myn­da gök önüm­le­ridir mi­we­le­ri köp­räk iý­me­li. Gök we mi­we önüm­le­ri aras­sa­çy­lyk ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da sak­lan­ma­ly.
Ýi­ti iý­mit zä­her­len­me­le­riň we ýi­ti içe­ge ýo­kanç ke­sel­le­riniň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len, iý­mit önüm­le­ri­ne bil­di­ril­ýän aras­sa­çy­lyk ta­lap­la­ry­ny do­ly hem-de dog­ry ber­jaý et­me­li. Ola­ry söw­da mer­kez­le­rin­den, ak ba­zar­lar­dan sa­tyn al­ma­ly.
To­mus pas­lyn­da şöh­lat önüm­le­ri­ni we de­mir, aý­na gap­la­ra gap­la­nan iý­mit önüm­le­ri­ni ürç edip iý­mek­den sak­lan­ma­ly.
Gü­nüň do­wa­myn­da ka­bul edil­ýän na­har du­zy 3-5 gram­dan ar­tyk bol­ma­ly däl.
Gü­nüň do­wa­myn­da 1,5-2 litr­den az bol­ma­dyk aras­sa agyz su­wu­ny iç­me­li.
Ys­sy ho­wa­da da­şar­dan içe­ri gi­ri­len­de be­de­niň gyz­gyn­ly­gy­ny aýyr­mak üçin iş­läp du­ran ser­gin­le­di­ji­niň öňün­de gö­ni dur­mak­dan we so­wa­dy­jy­da du­ran so­wuk su­wy iç­mek­den sak­lan­ma­ly.
Sag­lyk döw­let äti­ýaç­lan­dyr­ma­sy­ny bag­la­ny­şyp, dö­re­di­len ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­la­nyp, ýyl­da bir ge­zek ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän şy­pa­ha­na­lar­da dynç al­ma­ly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.