Pariž, Lissabon we London uzakdan işleýänler üçin Ýewropanyň iň amatly şäherleri diýlip ykrar edildi. “Compare the Market”-iň täze barlagyna görä, bu şäherler internetiň tizligi, iş merkezleriniň ýeterlikligi we medeni baýlyklary bilen uzak aralykdan işleýänler üçin öňdäki orunlary eýelediler.
Pariž 63,4 bal bilen sanawyň başyny çekýär. Şäher iň çalt internet birikmesi we baý medeni durmuşy bilen tapawutlansa-da, ýaşaýyşyň we hyzmatlaryň bahasy ýokarydyr. Ikinji orundaky Lissabon (61,2 bal) arzan ýaşaýyş jaýlary we hoştap howasy bilen işläp dynç almak isleýänler üçin iň elýeterli ugur hasaplanýar. Üçünji orny eýelän London (60,0 bal) bolsa, 560-dan gowrak umumy iş otagy (koworking) we baý infrastrukturasy bilen tapawutlanýar, ýöne bu ýerde çykdajylar örän gymmatdyr.
Şol bir wagtyň özünde, barlag işläp dynç almak üçin iň amatsyz şäherleri hem ýüze çykardy. Awstriýanyň Zalsburg şäheri reýtingiň iň soňunda ýerleşip, bary-ýogy 10 bal toplady. Bu şäher jaý kärendesiniň gymmatlygy we iş merkezleriniň ýetmezçiligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, internetiň haýallygy we ýokary çykdajylar sebäpli Germaniýanyň Mýunhen we Gamburg şäherleri bu görnüşdäki syýahatlar üçin iň erbet ugurlaryň hataryna goşuldy.
PDF








