Angliýanyň çempionaty 1888-1992-nji ýyllar, ýagny Birinji diwizion hem-de 1992-nji ýyldan bäri – “Premier Liga” diýlip 2-ä bölünýär. Köp statistika boýunça “Premier Liga” döwri hasaba alynsa-da, çempionlyklar öňki döwri öz içine alýar.

Umuman Angliýanyň iň ýokary ligasynda şu wagta çenli 24 kluba çempionlyk gazanmak başartdy. Bu görkeziji diňe “Premier Ligany” hasaba alanyňda, 7-ä deňdir. “Liwerpul” bilen “Mançester Ýunaýtediň” 20, “Arsenalyň” 14, “Mançester Sitiniň” 10 çempionlygy bar. “Ewerton” 9, “Aston Willa” 7, “Sanderland” bilen “Çelsi” 6, “Şeffild Wednezdeý”, “Nýukasl” 4, “Bläkbörn Rowers”, “Haddersfild Tawn”, “Wulwerhempton”, “Lids Ýunaýted” 3, ilkinji 2 möwsümde ýeňiş gazanan “Preston Nort End”, “Börnli”, “Portsmut”, “Tottenham”, “Derbi Kaunti” 2, “Şeffild Ýunaýted”, “West Bromwiç”, “Ipswiç Tawn”, “Nottingam Forest”, “Lester Siti” 1 gezek çempion bolmagy başardy.

Jeýms Milner hem-de Alan Şirer

“Premier Ligada” (1992-nji ýyldan bäri) iň köp duşuşyk geçiren futbolçy Jeýms Milner bolup, geçen maý 24 möwsümden soň karýerasyny 658 oýun bilen tamamlady. Garet Berri 653, Raýan Giggs 632, Frank Lampard 609 oýun bilen öňdäki orunlary eýeleýärler.

“Premier Ligada” iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda 260 gezek tapawutlanan Alan Şirer sanawyň başyny çekýär. Harri Keýn 213, Weýn Runi 208, geçen möwsüm APL bilen hoşlaşan Mohamed Salah 193, Endi Koul 187, Serhio Aguero 184, Frank Lampard 177, Tierri Anri 175 gol geçirdi.

“Ewerton” öňde barýar

Angliýanyň ýokary ligasynyň 128-nji möwsüm bolup, şolaryň ählisinde çykyş eden klub ýok. “Ewerton” topary 124 möwsüm bilen ep-esli öňde barýar. “Aston Willa” 113 möwsüm bilen 2-nji ýeri eýelese, “Liwerpul” 112-nji möwsümini geçirer. 107 möwsümden bäri aşaky liga düşmän gelýän we bu ugurda iňlis klublarynyň arasyndaky rekordyň eýesi bolan “Arsenal” 110-nji möwsümine başlar. 100-den geçen iň soňky topar bolsa “Mançester Ýunaýted” bolup, olar 102-nji möwsümini geçirerler. “Mançester Siti” bolsa şundan başga-da 2 möwsüm çykyş etse, onda olaryňky hem 100-e ýeter.

Diňe “Premier Ligany” hasaba alanyňda jemi 51 topar çykyş etdi. Şolaryň 6-sy “Premier Liganyň” mundan öňki 34 möwsümine hem gatnaşdy (“Arsenal”, “Çelsi”, “Tottenham”, “Mançester Ýunaýted”, “Ewerton”, “Liwerpul”).