Şweýsariýanyň Kanderşteg dag obasynda dünýäniň iň owadan kölleriniň biri ýerleşýär. Bern Alp daglarynyň gaýalarynyň arasyndaky bu köle Eşinen diýilýär. Deňiz derejesinden ortaça 1578 metr belentlikde ýerleşýän Eşinen köli dag gerişleriniň süýşmegi netijesinde emele gelipdir. Kölüň çuňlugy 56 metre, tutýan meýdany 1,1 inedördül kilometre barabar. «Kanderştegiň merjeni» diýlip tanalýan bu köl 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň
Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Şweýsariýanyň iň uly dag köli gündogarda we günortada 3 müň metrlik Frýundenhorn we Doldenhorn daglary bilen gurşalýar. Göm-gök suwly köl howanyň maýlap başlamagy bilen, buzluklaryň eremegi netijesinde suwdan dolýar. Eşinen köli süýji suwly bolup, içmäge ýaramly hasaplanýar. Kölden gözbaş alýan Eşibah dag derýasy Kanderşteg obasynyň ilatyny içimlik suw bilen üpjün edýär.
Eşinen köli gaýtalanmajak gözellige eýedir. Bu ýerde syýahatçylar üçin niýetlenen iki myhmanhana, restoranlar, güýmenje we ylgaw meýdançasy bar. Kanderşteg dag obasyndan Eşinen kölüne pyýada ýa-da gondola lifti (ýapyk kabinaly asma ýol) arkaly baryp bolýar. Tomus möwsüminde oba bilen kölüň arasynda elektrikli awtobus hem hyzmat edýär. Kölüň kenarynda beýik dag ýolunda ýöremegi halaýanlar üçin 1800 metr belentlikdäki «Fründenschnur» ýodasy bar. Bu geçelge kölüň daşyndan aýlanyp gezelenç etmäge mümkinçilik berýär. Süýji we sowuk suwy bilen tanalýan Eşinen kölünde tomsuna suwa düşüp bolýar. Şeýle-de gaýykly gezelenç etmek isleýänler üçin kireýine gaýyk hem berilýär.
Sowuk sebitde ýerleşýändigine garamazdan, Eşinen köli o diýen doňmaýar. Şol sebäpli gyş paslynyň belli bir aralygynda kölüň üstünde typmaga rugsat berilmeýär. Howanyň sowuklygyna we garyň ýagşyna görä, kölüň üstünde buzly meýdançalar açylýar. 2020-nji ýyldan bäri kölüň gyrasyndaky gezelenç etmek üçin niýetlenen ýoda dagdan gaýdýan daş düşmeleri sebäpli doly ýapyldy. Eşinen kölüne her ýyl ýüz müňden gowrak syýahatçy barýar.
PDF








