Ispaniýanyň dik gaýalar bilen gurşalan Gomera adasynyň ýerli halky birnäçe asyrdan bäri sygyryp aragatnaşyk saklap gelýär. Adam aňynyň iň gyzykly çözgütleriniň biri bolan we häzirki wagtda silbo dili hökmünde öňe sürülýän sygyryp gepleşmek däbiniň 500 ýyllyk taryhy bar.
Kanar arhipelagynda ýerleşýän Gomera adasynyň ilaty adanyň çuň jülgeleriniň we wulkan gaýalarynyň arasynda habarlaşmak üçin adaty däl çözgüt tapmalydygyna düşünipdirler. Obalaryň arasynda habar ýetirmek üçin birnäçe sagatdan 1-2 güne çenli wagt gerek bolupdyr. Üstesine-de, beýikli-pesli adada ýöräp gidip-gelmek howply ýagdaýlara getiripdir. Ýerli halk daglarda sesiň aňsatlyk bilen ýitip gidýändigine, sygyrmagyň bolsa, has uzaklara aýdyň ýaýrap bilýändigine göz ýetiripdirler. Şeýlelikde, diňe dem alyş we dodak hereketlerinden emele gelen özboluşly aragatnaşyk ulgamy peýda bolupdyr. Gomera adasynyň ilaty kyn geografik şertlerde ýaşamak üçin sygyrýan dili (silbo) işläp düzüpdir.
Atlantik ummanynyň kenaryndaky bu adanyň ýaşaýjylary geçmişde tokaý ýangyny, howply ýagdaýlar, toý çakylygy ýa-da sürüleriň ýerleşýän ýeri barada özboluşly sesleri ulanyp, biri-birine habar beripdirler. Adaty bolmadyk sesler ýeliň tizligi bilen güýçlenip, 10 esse uzaklyga, 5 kilometre çenli ýetipdir.
Silbo dili heňden ýa-da tötänleýin çykýan seslerden ybarat däl. Aýratyn sözlük gory bolmadyk silbo dili ispan diliniň ses gurluşyna esaslanýar. Ada ýaşaýjylary ispan dilindäki çekimli we çekimsiz sesleri dürli tonlara hem-de ritmlere bölýärler. Dört çekimli we dört çekimsiz sesden ybarat bolan bu amaly gurluşyň kömegi bilen islendik sözi sygyryp aýdyp bolýar.
Silbo dilinde adaty dildäki sözler däl-de, sygyrmak we üflemek arkaly sözleriň ses kodlary ugradylýar. Dilçiler bu dili ulanýanlaryň beýnisiniň adaty gepleşik dilini ulanýan adamlaryňky bilen meňzeşdigini subut etdiler. Beýni şol bir zady pikirlenýär, aňda sözlem düzülenden soň, sözlem geplemek arkaly däl-de, sygyrmak arkaly beýan edilýär.
XX asyryň ahyrynda Ispaniýada öýjükli telefonlaryň ýaýramagy bilen, sygyryp gepleşmek däbi öňküsinden biraz pese gaçdy. 1999-njy ýylda Gomera adasyndaky ähli orta mekdeplerde bu dili öwrenmek bilen bagly sapaklaryň ýola goýlandygyna garamazdan, ýaş nesliň arasynda silbo dilini ulanýanlaryň sany gitdigiçe azalýar. 2009-njy ýylda ÝUNESKO bu özboluşly dili Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Köpleriň sygyrýan ýa-da üflenýän dil diýip tanaýan silbo dili ispan medeniýetiniň täsinligi hasaplanýar.
PDF








