1950-nji ýyl­lar­da plast­mas­sa se­na­gat önüm­çi­li­gin­de iň köp iş­le­nil­ýän önüm­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da de­ňiz ke­nar­la­ryn­da top­lan­ýan ga­lyn­dy­la­ryň
60 gö­te­rim­den gow­ra­gy­ny plast­mas­sa önüm­le­ri eme­le ge­tir­ýär. Her ýyl 350 mil­li­on ton­na­dan gow­rak plas­tik ga­lyn­dy zi­bi­le taş­lan­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da um­man­la­ry we te­bi­ga­ty plas­tik ga­lyn­dy­lar­dan aras­sa­la­mak ba­bat­da bir­nä­çe mak­sat­na­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bir­nä­çe ýurt­da bol­sa, plast­mas­sa önüm­le­ri­niň ula­ny­ly­şy çäk­len­di­ril­ýär. Kä­bir ýurt­lar plas­tik önüm­le­ri ulan­ma­gy düý­bün­den ga­da­gan ed­ýär. Eý­sem, eko­lo­gi­ýa üçin iň zy­ýan­ly plas­tik önüm­ler haý­sy­lar­ka?!
Suw çüý­şe­si we plas­tik tur­ba­jyk­lar. Dün­ýä­de her ýyl top­lan­ýan ha­pa­la­ryň, tak­my­nan, 90 gö­te­ri­mi­ni plas­tik suw gaplary we tur­ba­jyk­lar eme­le ge­tir­ýär. Bu ga­lyn­dy­lar um­man­la­ra ara­la­şyp, de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň ekoul­ga­my­na oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. De­ňiz jan­dar­la­ry plast­mas­sa bö­le­jik­le­ri­ni ýu­wud­ýar­lar. Bu bol­sa, de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň gy­ryl­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.
Ko­fe içil­ýän plas­tik bul­gur­lar. Eko­lo­gi­ýa­ny ha­pa­la­ýan, iň köp ula­nyl­ýan plas­tik önüm­le­riň sa­na­wyn­da 3-nji orunda ko­fe içil­ýän plas­tik bul­gur­lar gel­ýär. Ko­fe iç­mek üçin jäç gap­la­ryň ula­nyl­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, köp ýurt­da bir ge­zek­lik ula­nyl­ýan plas­tik bul­gur­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ABŞ ko­fe içil­ýän plas­tik bul­gur­la­ry iň köp ulan­ýan ýurt ha­sap­lan­ýar.
Plas­tik diş çot­ga. Diş çot­ga­la­ryň kö­pü­si neý­lon tüý­ja­gaz­dan we için­den sim geç­ýän plast­mas­sa tu­ta­waç­dan dur­ýar. Diş çot­ga­sy­ny se­na­gat­da gaý­ta­dan iş­läp bol­ma­ýar. Şol se­bäp­li di­şi­mi­zi aras­sa­la­mak üçin her gün ulan­ýan bu en­ja­my­myz ýy­lyň-ýy­ly­na top­la­nyp, eko­lo­gi­ýa üçin zy­ýan­ly önüm­le­riň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Plas­tik diş çot­ga­sy­nyň ýe­ri­ne bam­buk­dan ýa­sa­lan ekologiýa taý­dan aras­sa diş çot­ga­sy­ny ýa-da mes­wäk ula­nyp bo­lar.
Plas­tik tor­ba­lar. Dün­ýä­niň kä­bir ýur­dun­da ula­nyl­ma­gy ga­da­gan edi­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, köp ýurt­da her gün mil­li­on­lar­ça plas­tik tor­ba ula­nyl­ýar. Önüm­çi­lik­de bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­dan iş­le­ni­lip, ýe­ne-de täjirçilik mak­sat­ly ula­ny­ly­şa goý­be­ril­ýän plas­tik tor­ba­lar sag­lyk üçin zy­ýan­ly önüm­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Hä­zi­r­ki wagt­da dün­ýä­niň köp ýur­dun­da täjirçilik mak­sat­ly ka­gyz tor­ba­jyk­la­ra uly üns be­ril­ýär. Şeý­le hem köp­ler na­har sal­nan ga­byň, iş­däa­ça­ryň we mi­we­le­riň üs­tü­ne plas­tik ört­gi (pa­ket) ýap­ýar­lar. Bu bol­sa plas­tik bö­le­jik­le­riň (na­nop­las­tik) iý­mi­te ga­ryş­ma­gy­na ge­tir­ýär.
Plas­tik iý­mit gap­la­ry. Eko­lo­gi­ýa bo­ýun­ça hü­när­men­le­riň kö­pü­si «Il­ki bi­len, plas­tik iý­mit gap­la­ryn­dan dyn­ma­ly» di­ýen pi­ki­ri öňe sür­ýär­ler. Dur­mu­şy­my­za giň­den or­na­şan plas­tik gap­da na­har iý­ýä­ris, ar­tyk­maç iý­mi­ti plas­tik ga­ba sa­lyp goý­ýa­rys, hat­da plas­tik gap­da na­har hem gyz­dyr­ýa­rys. Sag­lyk üçin örän howp­ly bo­lan plas­tik gap­la­ry öý­de ula­nyş­dan aýyr­mak kyn däl. Se­bä­bi plas­tik ga­byň or­nu­ny tut­ýan agaç­dan, me­tal­dan we far­for­dan ýa­sa­lan gap­lar sa­nar­dan kän. Hü­när­men­ler ze­rur­lyk bol­ma­dyk ha­la­tyn­da plas­tik önüm­le­ri ulan­maz­ly­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.