Her ýy­lyň 19-njy aw­gus­tyn­da Bü­tin­dün­ýä fo­to­su­rat gü­ni bel­le­nil­ýär. Bu ýyl «Öý» (Ho­me) te­ma­sy as­tyn­da ge­çi­ril­ýän bu se­ne my­na­sy­bet­li mu­zeý­ler­de, sun­gat, ki­no we te­le­wi­de­ni­ýe ins­ti­tut­la­ryn­da fo­to­su­rat ser­gi­le­ri hem-de bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär. Bü­tin­dün­ýä fo­to­su­rat gü­nü­niň ge­çi­ril­me­gi­niň esa­sy mak­sa­dy ýaş fo­to­su­rat­çy­la­ry we sun­ga­ty sö­ýü­ji­le­ri hö­wes­len­dir­mek­den, öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­mek­le­ri­ni ga­zan­mak­dan yba­rat.
Fo­to­su­rat ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar
1826-njy ýyl­da Ni­se­for Nýeps oý­lap ta­pan en­ja­my ar­ka­ly kü­müş hlo­rid bi­len ör­tü­len ka­gy­zyň ýü­zün­de su­rat­ly şe­ki­li dö­red­ýär. Bu il­kin­ji fo­to­su­rat ha­sap­lan­ýar.
To­mas Is­ter­li at­ly su­rat­çy 1847-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek te­bi­gy ha­dy­sa­ny – ýyl­dy­ry­my su­ra­ta dü­şür­ýär.
1861-nji ýyl­da şot­land fi­zi­gi Jeýms Klerk Maks­well ak-ga­ra fo­to­su­ra­ty 3 sa­ny süz­güç­den (filtr) ge­çi­rip, reňk­li fo­to­su­ra­ty al­ma­gy ba­şar­ýar.
1877-nji ýyl­da iň­lis su­rat­çy­sy Ed­ward Meýb­rij 12 sa­ny fo­to­en­ja­my ha­tar­lap go­ýup, ça­pyp bar­ýan aty su­ra­ta dü­şür­ýär. Ola­ry bir­leş­di­rip, yz­ly-yzy­na gör­kez­mek ar­ka­ly il­kin­ji ani­ma­si­ýa­ny dö­red­ýär.
Il­kin­ji su­was­ty fo­to­su­rat guw­was Lui Bo­tan ta­ra­pyn­dan 1893-nji ýyl­da dü­şü­ril­ýär.
Ho­wa­dan al­nan il­kin­ji reňk­li fo­to­su­rat (Azat­lyk heý­ke­li) 1930-njy ýyl­da dü­şü­ril­ýär.
Kos­mos­da al­nan il­kin­ji fo­to­su­rat «Sput­nik» kos­mos gä­mi­si­ne de­giş­li bo­lup, ol ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da dü­şü­ril­ýär.
1968-nji ýyl­da Ame­ri­ka­nyň «Apol­lo 8» kosmos gä­mi­si­niň kos­mos gi­ňiş­li­gin­den pla­ne­ta­my­zy su­ra­ta dü­şür­me­gi ar­ka­ly Ýer ýü­zü­niň il­kin­ji şe­ki­li alyn­ýar.
2005-nji ýyl­da Gün ul­ga­my il­kin­ji ge­zek tu­tuş­ly­gy­na su­ra­ta dü­şü­ril­ýär.