Braziliýanyň Minas-Žeraýs, Goýas we San-Paulu ştatlarynda ösýän jabotikaba täsin miweleriň biri hasaplanýar. Muskat üzümine meňzeýändigi üçin bu miwä «brazil üzümi» hem diýilýär. Ylmy dilde «Plinia cauliflora» diýlip atlandyrylýan garamtyl-gyzgylt miwe agajynyň göni göwdesinden çykýandygy bilen tapawutlanýar. Kiçijik baldagy ýa-da sapajygy bolmadyk brazil üzümi agajyň uly baldagyna ýapyşyp durýar. Üzüme meňzeş garaja miwäni Braziliýanyň ýerli ýaşaýjylary bolan tupi halky «jabotikaba» diýip atlandyrypdyr. Bu söz tupi dilinden terjime edilende, «başga ýer» diýmegi aňladýar.
Ýygnalandan soň 3-4 gün saklanýan bu miwäni uzak ýola äkitmek örän kyn. Sebäbi miwe suwludygy hem-de baldagy bolmandygy sebäpli, şiresi akyp, çalt zaýalanýar. Ululygy ortaça 0,5-4 santimetre çenli ýetýän togalak miwäniň 1-5 sany kiçijik çigidi bolýar. Miwäni çigidi bilen bile iýip bolýar. Gabygy turşy, etli bölegi örän suwly we süýji bolýan brazil üzümi täze ýyglan wagty çigligine iýilýär. Witaminlere baý süýji miweden terligine iýilmek bilen bir hatarda, jem, žele, kokteýl, şerbet we dürli süýji içgiler taýýarlanylýar. Miwäniň ýakymly ysly gabygyndan taýýarlanylýan çaý aýratyn lezzete eýedir. Başgaça «ýapraksyz miwe» diýilýän brazil üzümi ýylyň dowamynda 2-3 hepde elýeterli bolýar.
Subtropik howada ösýän jabotikaba agajynyň gabygy galyň we tikenli bolýar. Agajyň miwe bermegi üçin 6-8 ýyla çenli wagt gerek bolýar. Hemişe ýaşyl öwsüp oturan agajyň boýy 3-13 metre çenli ýetýär. Bu agajy ilkinji gezek synlanyňda, göwresine gara monjuklar ýapyşdyrylyp goýlana meňzeýär. Jabotikaba agajy bir ýylyň dowamynda 5-6 gezek miwe berýär. Gara üzümler 30-45 gün aralygynda ýetişýär. Hasyl almak üçin iň gyzgalaňly möwsüm mart-sentýabr aýlary aralygydyr. Jabotikaba agajynyň her düýbi 45-50 kilograma çenli hasyl getirýär. Ýetişen hasyl el bilen ýa-da aşagyna brezent ýazyp, silkmek arkaly ýygnalýar.
Dünýäde brazil üzüminiň birnäçe sorty ösdürilip ýetişdirilýär. Şolaryň iň meşhury sabara bolup, iri hem-de has süýji bolýar. Jabotikaba, esasan, Günorta Amerika ýurtlarynda iýilýär. Her ýyl Sabara şäherinde jabotikaba festiwaly geçirilýär. 1987-nji ýyldan gözbaş alýan bu festiwal mynasybetli brazil üzüminiň sergisi guralýar. 150 müňden gowrak myhmanyň gatnaşmagynda geçýän jabotikaba festiwaly ýerli we daşary ýurtly syýahatçylary çekmekde möhüm çäre hasaplanýar.
PDF








