Pol­şa­nyň Gry­fi­no şä­he­rin­den, tak­my­nan, 40 ki­lo­metr uzak­lyk­da ös­ýän eg­ri agaç­lar iň tä­sin te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. «Eg­ri to­kaý» (Krzy­wy Las) ady bi­len ta­nal­ýan bu ýer­de 400 düýp sos­na aga­jy ös­ýär. 1930-njy ýyl­lar­da eki­len bu agaç­la­ryň ýer­den ýo­ka­ry gal­ýan bö­le­gin­de 90 gra­dus­lyk eg­ri­lik bar.
Il­ki­baş­da fan­tas­tik film­ler­dä­ki ýa­ly gö­rün­ýän eg­ri to­ka­ýyň içi­ne gi­rip ge­ze­lenç ede­niň­de, agaç­la­ryň gaý­ta­lan­ma­jak tä­sin­lik­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär­siň. Ýer­den çy­kan ba­dy­na eg­re­lip, 1-3 metr­lik aý­la­wy eme­le ge­tir­ýän bu agaç­lar ýe­ne-de dik ýo­kar­ly­gy­na gö­ni ös­ýär. Eg­ri ta­ra­py de­mir­ga­zy­ga ta­rap se­red­ýän gy­şyk agaç­lar ada­ty sos­na to­kaý­ly­gy­nyň or­ta­ra­syn­da ýer­leş­ýär.

Nä­dip eme­le gelipdir?
Köp­ler agaç­la­ryň eg­ri­li­gi­ni adam­lar ta­ra­pyn­dan eki­len­di­gi bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan bol­sa­lar, kimler mu­nuň te­bi­gy ýag­daý­da eme­le ge­len­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, agaç­la­ryň ada­ty bol­ma­dyk gör­nü­şi te­bi­gy mu­ta­si­ýa bi­len bag­ly däl. Esa­sy sel­jer­me­ler­de sos­na agaç­la­ry­nyň 1930-njy ýyl­lar­da daý­han­lar ta­ra­pyn­dan me­bel we ga­ýyk ýa­sa­mak üçin eme­li ýag­daý­da eg­ri gör­nü­şe ge­ti­ri­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Şol ýyl­lar­da­ky me­ýil­na­ma gö­rä, ýaş na­hal­la­ryň göw­de­si me­ha­nik gu­ral­lar bi­len egi­lip, ýö­ri­te di­zaýn iş­le­ri (ga­ýyk, oba ho­ja­lyk gu­ra­ly, öý es­ba­by) üçin çig mal hök­mün­de ula­nyl­ma­ly­dy. Ýö­ne Ikin­ji ja­han ur­şu­nyň baş­lan­ma­gy bi­len bu ýer terk edil­ýär we eg­ri agaç­lar ýat­dan çy­ka­ryl­ýar.
Alym­la­ryň baş­ga bir to­pa­ry agaç­la­ryň adam­lar ta­ra­pyn­dan eg­ri gör­nü­şe ge­ti­ri­len­di­gi­ni ýe­ke-täk de­lil ha­sap­la­ma­ýar­lar. Beý­le­ki çak­la­ma­la­ra gö­rä, ga­ryň uzak wagt­lap syr­gyn­lap (güýç­li ýel bi­len ýagýan gar) ýag­ma­gy bi­len ýaş sos­na na­hal­la­ry ezi­lip, soň­ra ýe­ne-de ýo­ka­ry ösmegi arkaly şeý­le gör­nüş eme­le ge­lip­dir. Baş­ga bir çak­la­mada bol­sa bu se­bit­dä­ki gra­wi­ta­si­ýa güý­jü­niň (ji­sim­le­riň bir-bi­ri­ni çe­kiş güý­ji) mu­ňa se­bäp bo­lan­dy­gy­ öňe sürül­ýär.
Bir asy­ra go­laý wagt ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, Pol­şa­da­ky eg­ri to­ka­ýyň nä­dip eme­le ge­len­di­gi syr bol­ma­gyn­da gal­ýar. Se­bä­bi bir­nä­çe bar­lagyň ge­çi­ri­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, hä­zi­re çen­li anyk su­but­na­ma ta­pyl­ma­dy. Bu agaç­la­ryň bir asy­ra go­laý wagt­dan bä­ri eg­ri gör­nüş­de sag­dyn ös­me­gi te­bi­ga­tyň öz­bo­luş­ly uý­gun­laş­ma güý­ji ha­sap­lan­ýar. Äh­li­si bir ta­ra­pa eg­re­lip du­ran ýa­rym Aý gör­nüş­li agaç­lar köp­le­ri haý­ran gal­dyr­ma­gy­ny do­wam ed­ýär.