Ýakynda “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna gezelenç guralyp, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde  ençeme ýadygärlikler toplumy ýerleşýär. Bu ýerde geçirilen “Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki orny” atly gezelenjiň dowamynda goraghananyň jogapkär işgärleri tarapyndan  ýadygärlikler toplumy, bu ýerde täze tapyndylary gözlemek, rejeleýiş işleriniň alnyp barlyşy barada täsirli gürrüňler edildi.

Şeýle hem gezelenje gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna giren “Köneürgenç”  taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki täsin, taryh üçin bahasyna ýetip bolmajak ýadygärlikler, bu ýerdäki muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyryldy. Bu taryhy ýadygärlikler bilen tanyşmak her bir ynsanda geçmiş taryhymyza hormat, göwünlerinde ruhubelentlik döredip,  ülkäniň taryhy barada giň düşünje almaga,  ata-babalarymyzyň nähili ýaşandyklaryna aýdyň göz ýetirmäge giň mümkinçilik döredi. Gezelenje gatnaşyjylar gözelligi we ylmy ähmiýeti boýunça meşhurlyga eýe bolan Törebeg hanymyň mawzoleýini, Nejmeddin Kubra ýadygärlikler toplumyny, Il Arslanyň, Soltan Tekeşiň, Ibn-Hajynyň ýadygärliklerini, Merkezi Aziýada belentligi boýunça ilkinji orunda duran Gutlug Temuryň minarasyny, Seýit Ahmediň (Gara gapy ata) kümmetini synlap, şöhraty äleme dolan ata-babalarymyzyň gadymy mekanynda sünnälenip bina edilen galalaryna buýsanç we bilesigelijilik bilen tomaşa etdiler.

 

Bahar HAKBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Köneürgenç etrap birleşmesiniň kätibi.