Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Onuň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýokary ussatlyk bilen çalnan halk sazlarynda halkymyzyň geçen taryhy ýoly öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalaryň milli sazlary, halk aýdymlaryny Diýarymyzyň dürli sebitlerine mahsus ýol-ýörelgeler esasynda ýerine ýetirmekleri bäsleşige köpöwüşginli äheň berdi.

Soňra bäsleşigiň ikinji bölüminde türkmen halk aýdymlaryna orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bäsleşigiň aýratyn tolgundyryjy pursatlarynyň birine öwrüldi. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom, altyn zynjyr bilen sylaglanyldy. Şeýle-de “Çalsana, bagşy!” bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri
Aşgabat şäheri boýunça:
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Şeker Şöhradowna Allagulyýewa;
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň telekommunikasiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Täçmämmet Altymyradowiç Pürmämmedow;
Arkadag şäheri boýunça:
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Ýusup Gaýgysyzowiç Baýjykow;
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 3-nji ýyl talyby Didarmuhammet Wepaýew;
Ahal welaýaty boýunça:
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Merjen Merdanowna Jumabaýewa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Yhlas Kakageldiýewiç Samadow;
Balkan welaýaty boýunça:
Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Güljemal Rejepmyradowna Çakanowa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Öwezgeldi Baýramgeldiýewiç Gutlyýew;
Daşoguz welaýaty boýunça:
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Aýperi Begenjowna Artykowa;
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň saz sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Sahy Nepesowiç Täçmedow;
Lebap welaýaty boýunça:
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Esen Bagtyýarowiç Atamuradow;
Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Jeýhun Ataniýazowiç Çaryýew;
Mary welaýaty boýunça:
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Oguljennet Bazarmyradowna Hojakowa;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýnäzli Maksatmyradowna Rahmanowa.
PDF







