Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da netijeli bolmagyny gazanmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda, 19-21-nji awgustda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghananyň ýadygärliklerine içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy.
Syýahatçylyk gezelenjine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, şeýle hem Baýramaly we Garagum etraplarynyň medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda syýahatçylara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gadymy ýadygärlikleriň taryhy we giň ähmiýeti barada örän täsirli gürrüňleri berdiler.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF







