Sloweniýa bilen Slowakiýanyň çempionlarynyň, ýagny “Selýe” bilen “Slowan Bratislawanyň” arasyndaky jogap oýnunda myhmanlar goşmaça wagtda 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji oýunda ýeňiş gazanan bolmandy. Jogap duşuşygynyň 18-nji minutynda Şporar hasaby açyp, slowakiýalylary öňe saýlady. Oýnuň 34-nji minutynda ispaniýaly eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs uran “Selýe” toparynyň oýunçysy Seşlar hasaby deňledi. Duşuşygyň esasy wagty deňlikde tamamlanyp, goşmaça wagtda, has takygy, oýnuň 100-nji minutynda “Slowan” Bratislawa Kristian Martinesiň goly bilen öňe geçdi. Netijede, duşuşyk 2-1 hasabynda Ýaýa Tureniň tälimçiligindäki “Slowanyň” ýeňşi bilen tamamlandy. “Slowan Bratislawa” 1 ýyllyk arakesmeden soň Çempionlar Ligasynyň final tapgyryna 2-nji gezek gatnaşar.