Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Mongoliýanyň Prezidenti Haltmaagiýn Battulga, Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň Premýer-ministrleri Sindzo Abe we Li Nak Ýon Primorýe ülkesiniň paýtagty Wladiwostokda 11-13-nji sentýabr aralygynda geçirilen Gündogar ykdysady forumynyň ýokary derejeli myhmanlary boldular.
2015-nji ýylyň maýynda Russiýanyň Prezidentiniň karary esasynda döredilen bu halkara forumda gepleşikleriň uly tapgyry geçirildi. Wladiwostokda guralan Gündogar ykdysady forumyna Hytaý tarapyndan müň adamdan gowrak uly wekiliýetiň gatnaşmagy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň näderejede uludygyna güwä geçýär. Bu ýerde hödürlenen giň gerimli özara bähbitli taslamalar taraplarda uly gyzyklanma döretdi. Forumyň çäklerinde 70-den gowrak çäre geçirilip, oňa iň köp Hytaýdan wekilçilikli topar gatnaşdy. Dünýä belli kompaniýalaryň gatnaşmagynda geçirilen foruma 60-dan gowrak ýurtdan 6 müň töweregi wekil gatnaşdy.
Forumyň çäklerinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň Başlygy, Mongoliýanyň Prezidenti, Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň hökümet Baştutanlary bilen ikiçäk duşuşyklary geçirdi.
Russiýanyň we Hytaýyň wekiliýetiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda dürli ugurlar boýunça ylalaşyklar gazanyldy. Forumyň çäklerinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we HHR-iň başlygy Si Szinpin işewürler bilen duşuşyk geçirdi. Rus-hytaý gepleşikleri tamamlanandan soňra, iki ýurduň Prezidentleri rus aşhanasyna baryp gördüler.
Hytaý Russiýanyň iri ykdysady hyzmatdaşy bolup, daşary söwdasynda Hytaýyň paýy 15 % töweregidir. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy artyp, (31,5%) 87 milliard dollara deň boldy. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň 2018-nji ýylda 100 milliard dollara ýetmegine garaşylýar. Bilelikdäki iri taslamalaryň arasynda “ÝAMAL SPG” öňe saýlanyp, ol fransuzlaryň “Total”-y bilen birlikde, Týanwan elektrik bekediniň ikinji tapgyryny gurýar.
Sammitiň bütin dowamynda bahasy 3,108 trillion dollara deň bolan 220 sany ylalaşyga gol çekildi. Bu ýerde guralan “Uzak Gündogaryň köçesi” atly sergi hytaýly işewürlerde uly gyzyklanma döretdi.