Injir iýmit sanawyna goşulmaly miweleriň biridir. Özboluşly tagama eýe bolan süýnmek miwäniň ata Watany Ýakyn Gündogar we Ortaýer deňzi sebitleri hasaplanýar. Injiriň gara, gyzgylt, sary, ýaşyl we gülgün reňkli görnüşleri bolup, esasan, terligine we guradylan görnüşde iýilýär. Şeýle hem miweden jem we mürepbe taýýarlanylýar. Dünýäde injiriň 750-den gowrak sorty ösdürilip ýetişdirilýär. Baldagynda we gabygynda süýde meňzeş ak şepbigi bolan injiriň etli böleginde bir topar dänesi bolýar. Iýeniňde gyjyr-gyjyr ses edýän bu miwäniň düzüminde A, B, K witaminleri, kalsiý, magniý, kaliý, fosfor, demir ýaly minerallar, antioksidantlar we süýüm saklanýar.
Immuniteti berkidýär. Injirde saklanýan B witamini we peýdaly minerallar immuniteti berkidip, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär.
Ýürek-damar ulgamy üçin peýdaly. Injirde saklanýan kaliý ýokary gan basyşyny peseldip, ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine kömek edýär. Şeýle hem miwäniň düzümindäki süýüm holesterin molekulalaryna ýapyşyp, olaryň gana siňmeginiň öňüni alýar. Bu bolsa ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiligini azaldýar.
Iýmit siňdirişe peýdaly. Injiriň süýtli şiresinde «fisin» atly fermentler saklanýar. Bu tebigy madda iýmit siňdirişe ýardam edip, içgatamanyň öňüni alýar. Şeýle hem miwedäki süýüm aşgazan-içege ulgamynyň işini ýeňilleşdirip, aşgazan ýarasyny hem-de içege sowuklamasyny bejermäge ýardam edýär.
Saçy we derini gözelleşdirýär. Injirdäki karotenoidler we antioksidantlar derini Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden gorap, bedeniň çeýe hem-de ýaş görünmegine ýardam edýär. Şeýle hem saçyň düşmeginiň öňüni alýar.
Böwrek üçin peýdaly. Injirdäki kaliý ýürek-damar ulgamy bilen birlikde böwrek üçin hem peýdalydyr. Injir artykmaç galyndylary bedenden çykarmaga, böwregi arassalamaga hem-de gan basyşyny kadaly derejede saklamaga ýardam edýär.
Howply döremeleriň öňüni alýar. Injiriň düzüminde adamy stresden we zyýanly erkin radikallardan goraýan antioksidantlar hem-de fenol birleşmeleri saklanýar. Bu maddalar düwnük keseliniň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär.
Süňkleri berkidýär. Injirdäki K witamini we kalsiý süňkleriň sagdyn ösmegine we berkemegine ýardam edýär.
Ganazlygyň öňüni alýar. Injirde gyzyl gan öýjükleriniň öndürilmegi üçin möhüm bolan demir saklanýar. Terligine ýa-da guradylandygyna garamazdan, yzygiderli injir iýmek ganazlygyň öňüni almaga ýardam berýär.
Möwsüme görä, sagdyn adamlar üçin her gün 3-5 sany (100-150 gram) täze injir, şeýle hem 2-3 sany guradylan injir iýmek ýeterlikdir. Hünärmenler guradylan injiri iýmezden ozal 10-15 minut ýyly suwda goýmagy we ýumşandan soň iýmegi maslahat berýärler. Geçirilen barlaglarda injirdäki glýukozanyň gandaky şekere täsir edijiliginiň pesdigi ýüze çykaryldy. Şol sebäpli süýjüli diabeti bar bolan adamlar hem täze ýolnan injirden iýip bilerler.
PDF







