«Jennet adasy» hökmünde tanalýan Mawrikiý ak çägeli kenarlary, çüýşe ýaly göm-gök suwy, daglaryň arasynda gizlenen gowaklary hem-de ýaşyl tebigaty bilen görenleri haýran galdyrýar. «Tebigatyň iň gowy sungat eseri» bolan bu ada Hindi ummanynyň merkezinde ýerleşýär. 2 müň 40 inedördül kilometr meýdany tutýan ada ýurdunda 1 milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Mawrikiý adasynda 1 şäher, 4 şäherçe we 130 oba bar. Her ýyl müňlerçe syýahatçyny özüne çekýän Mawrikiý tutýan meýdanynyň kiçidigine garamazdan, myhmanlara täsin tropik gurşawy hödürleýär.
Mawrikiniň gözel ýerleriniň sanawynda, ilki bilen, taryhy binalara baý paýtagt şäher Port-Luis gelýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, Port-Luis ýurduň port şäheridir. Syýahatçylyk gämileri (kruiz) we ada barýan jahankeşdeler üçin bu şäher derweze bolup hyzmat edýär. Kenarýaka şäheriň ilatynyň esasy käri telekeçilik bolup, köçelerde gije-gündiziň dowamynda hereket ýatmaýar. Port-Luise baran syýahatçylar şäherde köpdürli medeniýetiň täsiriniň bardygyna göz ýetirýärler. Bu ýerde söwda merkezleri, restoranlar we bazarlar bilen bir hatarda, fransuzlaryň kolonial binalaryny, iňlisleriň Sent Jeýms köşk toplumyna meňzeş galalaryny görmek bolýar. Hatda paýtagt şäherde Hytaý medeniýetiniň täsiri hem göze ilýär. Syýahatçylar şäherdäki Hytaý miras muzeýine baranlarynda, özlerini Hytaýda ýaly duýýarlar. Mawrikiniň paýtagtyndaky köp sanly muzeýleriň arasynda Ewrika öýi aýratyn orny eýeleýär. 1830-njy ýylda ada gelen aristokratlar üçin gurlan bu bina dolulygyna agaçdan ýasalypdyr. Howlusynda owadan baglary, miweli agaçlary, derýalary we kiçijik şaglawuklary bolan Ewrika öýi häzirki wagtda muzeý hökmünde saklanýar.
Mawrikiniň iň uly syýahatçylyk merkezleriniň ýene biri Grand Beý bolup, ýurduň owadan ýerleriniň köpüsi şu ýerde ýerleşýär. «Uly aýlag» diýmegi aňladýan bu oba adyndan belli bolşy ýaly, deňziň kenarynda ýerleşýär. Obada dynç alyş merkezlerinden başlap, willalara we myhmanhanalara çenli, birnäçe syýahatçylyk merkezleri bar. Bu aýlag owadan kenarlary, suwasty gezelençleri, kaşaň restoranlary, kafeleri we güýmenje merkezleri bilen janly we joşgunly dynç alşy hödürleýär.
Mawrikiý ada ýurduny köpler meşhur «deňze akýan şaglawuk» arkaly tanaýarlar. Le-Morn-Braban ýarym adasynyň golaýynda ýerleşýän suwasty şaglawuk täsin tebigy hadysalaryň biri hasaplanýar. Deňziň içindäki şaglawugy diňe ýokardan dikuçarly synlamak arkaly görüp bolýar. Suwasty 150 metr çuňluga akýan şaglawugy gaýykly ýüzüp barýarkaň saýgaryp bolmaýar. Le-Morn-Braban ýarym adasynda daglaryň ýerleşişi hem dürli-dürli bolup, içinde köp sanly tebigy gowaklar gizlenen. Şeýle daglaryň biri hem taryhy taýdan uly ähmiýete eýe bolan Lemorn Brabantdyr. Beýikligi 556 metre ýetýän bazalt dag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen täsin ýerleriň biridir.
Mawrikiý adasyna göçüp baran hindileriň mukaddes ýer hasaplaýan Gran-Bassen kölüniň rowaýatlarda Gang derýasyndan gelip çykandygy aýdylýar. Gran-Bassen kölüniň gyrasynda 33 metr beýiklikdäki Şiwa heýkeli hem ybadathanalar bilen birlikde Hindistany ýadyňa salýar. Kölüň kenarynda ýalaňaç aýakly ýöremek ýörgünli däpleriň biridir.
«Jennet adasynyň» demirgazygynda köp sanly gämileriň batmagyna sebäp bolan gaýaly kenar ýerleşýär. «Betbagtçylyk burny» (Cap Malheureux) diýlip atlandyrylýan syýahatçylyk merkezi häzirki wagtda gyzyl üçekli Notr-Dam-Oksiliatris ybadathanasy bilen meşhurdyr.
Mawrikiniň günortasynda ýerleşýän Suilýak ada ýurdunyň taryhy merkezleriniň biridir. Şekerçiňrik ýüklenen gämileriň ýygy-ýygydan gelýän bu portunda meşhur şahyr Robert-Edward Hartyň öýi La Nefi görmek bolýar. Häzir muzeý hökmünde hyzmat edýän La Nef öýi, Roçester şaglawugy, Sawan derýasy we Gri-Gri uçudy hökman görülmeli ýerlerdir.
Bel Ombr obasyndan daglara tarap uzalyp gidýän Frederika tebigy goraghanasynyň çäginde ýurduň iň uly şaglawugy ýerleşýär. Adanyň biodürlüligini goramak maksady bilen döredilen ýörite sebitde endemik ösümlikler we haýwanlar ýaşaýar. Welosipedli ýa-da ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglar arkaly baryp bolýan bu goraghana tebigaty synlamak üçin ajaýyp ýerleriň biridir. Ada ýurdundaky başga bir jülgede La-Walle-de-Ferni haýwanat bagy ýerleşýär. Syýahatçylar bu haýwanat bagyna hökman barýarlar.
Mawrikiniň tebigy täsinlikleriniň ýene-de biri Blek-Riwer, ýagny Gara derýa diýlip atlandyrylýan milli seýilgähidir. Owadan jülgeleriň arasyndan akýan Gara derýanyň ugrunda birnäçe şaglawuk bar. Daga dyrmaşmagy, gaýykly gezelençleri we kanoede ýüzmegi halaýanlaryň iň köp barýan bu ýerine ýerli halk tarapyndan «Gara derýa jülgeleri milli seýilgähi» diýlip at berildi.
Mawrikiniň medeniýeti ýaly, milli aşhanasy hem köpdürlüdir. Ýerli önümlerden taýýarlanylýan köçe tagamlary adanyň iň gowy naharlary hasaplanýar. Bu ýerde syýahatçylara karri, pita çöregi, roti we gateau ýaly tagamlar hödür edilýär. Adada ajy hem-de hindi we hytaý aşhanasyna mahsus tagamlar has köp iýilýär. Ada ýurdunda baýramçylyklar we festiwallar hem ýokary derejede geçirilýär. Her ýylyň fewral aýynda Maha Şiwaratri festiwalynyň çäginde 250 müňden gowrak hindi jahankeşdeleri Mawrikiý adasynda jemlenýär. Adada iýmit we tans festiwallary hem guralýar.
PDF







