Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden halk wekillerini bir ýere jemlejek umumymilli foruma diňe bir şu ýylyň dowamynda Watanymyzyň durmuşynda gazanylan sepgitlere däl, eýsem, Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri geçilen 35 ýyllyk ýola nazar aýlamak, uzak möhletleýin geljek üçin anyk wezipeleri kesgitlemek üçin hem taryhy ähmiýetli waka hökmünde garalýar.

Hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen şä­he­riň äh­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän paý­tag­ty­my­zyň dur­muş inf­rast­ruk­tu­ra­sy yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär, bi­na­gär­lik top­lum­la­ry­nyň üs­ti tä­ze bi­na­lar we des­ga­lar bi­len ýe­ti­ril­ýär. Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­mi­ziň äh­li ýyl­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da hem paý­tag­ty­myz­da dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň, ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­di. Şol gur­lu­şyk­la­ryň kö­pü­si­niň ýer­li gur­lu­şyk­çy­lar ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ma­gy diý­seň buý­san­dy­ry­jy­dyr.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­ler «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş tag­lym­dan, «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­gar­dan göz­baş al­ýar. Bu iş­ler «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Şu ýy­lyň şy­ga­ry Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­mä­ge, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar. «Türk­me­nis­ta­ny 2026-njy ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, şu ýyl Di­ýa­ry­my­zyň se­bit­le­rin­de me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ryň köp san­ly­sy ulan­ma­ga be­ril­di we ola­ryň gur­lu­şy­gy­na gi­ri­şil­di.

Şu ýyl Aş­ga­bat şä­he­ri­niň «Pa­ra­hat – 7» ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da 30 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň, köp san­ly söw­da we hyz­mat öý­le­ri­niň, Büz­me­ýin et­ra­byn­da­ky ýa­şa­ýyş jaý top­lu­myn­da 46 sa­ny hä­zir­ki za­man ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň, paý­tag­ty­myz­da 127 sa­ny iki gat­ly kot­tej gör­nüş­li ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň, 4 müň orun­lyk kö­pu­gur­ly me­de­ni mer­ke­zi­niň açyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny dün­ýä ül­ňü­le­ri­niň de­re­je­si­ne çy­kar­mak bo­ýun­ça ba­şy­ny baş­lan top­lum­la­ýyn iş­le­ri­niň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da döw­re­bap luk­man­çy­lyk, sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­kez­le­ri yzy­gi­der­li gu­rul­ýar. Şu ýyl paý­tag­ty­myz­da Hal­ka­ra pe­di­at­ri­ýa, Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­kez­le­ri­niň we Sto­ma­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň, «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da 400 orun­lyk tä­ze bi­na­lar top­lu­my­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da tä­ze, döw­re­bap oba, kö­pu­gur­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy, Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň Guw­ly­ma­ýak şä­her­çe­sin­de ýa­şa­ýyş jaý­lar we bi­na­lar top­lu­my şu ýyl­da me­ýil­leş­di­ri­len açy­lyş da­ba­ra­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ti­rer. Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň, Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň tä­ze bi­na­lar top­lum­la­ry­nyň, umu­my­bi­lim eda­ra­la­ry­nyň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy ylym-bi­lim ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn öz­gert­mek bo­ýun­ça iş­le­riň üns­den dü­şü­ril­me­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Halk bäh­bit­li be­ýik iş­le­riň ro­waç­lan­ma­gy, ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi ba­ba­tyn­da be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, be­lent baş­la­ry aman bol­sun! Wa­ta­ny­my­zyň röw­şen gel­je­gi ug­run­da alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç al­syn!

Mahym MAHTYMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.