Döwletli işleri halka geňeşmek ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgedir. Milli demokratik däpleriň nusgasyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa şeýle asylly ýol-ýörelgäni durmuşa geçirýän iň ýokary wekilçilikli edaradyr. Onuň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynda belent sepgitleri, uly üstünlikleri gazanyp, syýasy durnuklylyga, ruhy we medeni ösüşe ynamly gadam urýar. Ýurdumyz ylym-bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, medeniýetde, sungatda, hukuk we kanunçylyk ulgamlarynda uly üstünliklere we rowaçlyklara eýe bolýar. Halkymyz milli demokratiýanyň dabaralanýan zamanasynda ýaşaýar. Şeýle taryhy döwürde ýurdumyzda gazanylan belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň köňül maksadyndan dörän beýik işleriň jemidir.
Türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütüni bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy buýsanja beslenýär. Ata-babalarymyzyň yhlasyndan boý alan arzuw daragtyna 35 ýyl dolýar. Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň dabaralanýan günlerinde paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Ýurdumyzda Halk Maslahatynyň hereket etmegi eziz Diýarymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy gurluşynyň barha kämilleşýändigini, milli ýörelgeleriň öz beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi diňe bir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe däl, eýsem, ýurdumyzyň taryhynda möhüm waka boldy hem-de täze sahypany açdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty täze taryhy eýýamda belent maksatly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda halkyň agzybirligine, bitewüligine, jebisligine bil baglaýar hem-de ony has-da berkitmegi baş maksat hökmünde kesgitleýär. Ilatymyzyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişli bolup durýar. Ýokary derejede geçiriljek Halk Maslahaty il-ýurt ähmiýetli işleriň üstünlikli amala aşyryljakdygynyň aýdyň kepilidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 23-nji sentýabrda geçiriljek nobatdaky mejlisinde kabul ediljek möhüm çözgütleriň hem kararlaryň ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr. Milli forumda ilatyň dürli gatlaklarynyň giňden wekilçilik etmegi, erkin pikir alyşmak we jemgyýetçilik pikirine esaslanýan degişli kararlaryň kabul edilmegi Halk Maslahatynyň işiniň özeni bolan demokratik ýörelgelere, ata-babalarymyzyň köpçülikleýin pikir alyşmak hem-de döwlet, jemgyýet üçin möhüm kararlary kabul etmek baradaky paýhasly däplerine wepalylygy tassyklaýar. Bu ýyl hem il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän anyk kararlardyr çözgütler kabul ediler. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşleriň belent sepgitlerine ýetmegine uly itergi berer.
Şöhle AKJAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF








