«Türkmenistanda Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak» hakynda Türkmenistanyň Kanunyndan, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan, «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly Milli strategiýadan ugur alyp, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, maşgala medeniýetini kämil derejä ýetirmek ugrunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
parasatly baştutanlygynda döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylyp, her bir maşgalanyň, enäniň, çaganyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge jogapkärçilikli çemeleşilýär.
Çaganyň kadaly ösüp-ulalmagy üçin esasy şertleriň biri hem olary dogry iýmitlendirmekdir. Ene süýdi çaga üçin ýokumly bolup, çaganyň bedeniniň ösüşine, ýaşyna, gije-gündiziň çalşygyna laýyklykda öz düzümini üýtgedip durmagy bilen, mikro we makroelementlere, witaminlere baý bolup, birinji alty aýyň içinde bäbekleriň bedenine zerur bolan ýokumly maddalar, mikronutriýentler, suwuklyk bilen doly üpjün edýän ýeke-täk tebigy iýmitdir.
Ene süýdi çaga bedeninde ýeňil özleşip, ýokumlylygy bilen çagany dürli ýokanç kesellerden, möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden, ýürek-damar ulgamynyň, aşgazan-içege we dem alyş ulgamynyň kesellerinden, içgeçme, iglemek ýaly kesellerden goraýar, çagada semremek howpuny azaldýar. Ene süýdi bäbekleriň beýnisiniň ösüşine ýardam edip, çaganyň nerw ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýar. Ene süýdi bilen çagany iýmitlendirmek diňe bir çaga peýdaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, eneleri hem birnäçe kesellerden gorap, enäniň bedeniniň dogrumdan soňky döwürde çalt taplanmagyna ýardam berýär.
Ene süýdi dünýä inen bäbegiň geljekde hemmetaraplaýyn kämil ynsan bolup ýetişmegine ýardam berýär. Ene süýdi bilen iýmitlenýän çaga enesi bilen hemişe fiziki we ruhy taýdan ýakynlykda bolup, enesiniň ýürek urşuny, onuň mährem sesini, ýakymly hüwdüsini eşidýär, gujagynyň ýylylygyny duýýar, ene mähri bilen gurşalýar. Şeýle mukaddes ýakynlyk çaganyň nerw we endokrin ulgamynyň ýaşyna görä kämilleşmegine, beden agzalarynyň kadaly ösmegine ýardam berip, çaga akyl we aň taýdan kada laýyk derejede ösýär, daş-töweregi bilen sazlaşykly arabaglanyşykda bolup, daşky gurşawyň dürli üýtgemelerine çalt uýgunlaşýar. Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar ruhy we beden taýdan sagdyn, şähdaçyk, mähirli, ruhubelent we şadyýan bolýarlar.
Her bir zenan çagasyny ene süýdi bilen iýmitlendirmelidir!
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
PDF








