Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny bütin dünýäde has-da dabaralandyrmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de
hormatly Prezidentimiz tutumly işleri alyp barýarlar. Şeýle tutumly işleriň biri hem ýakynda Ýewropada ýaýbaňlandyrylar, bu bolsa atçylyk sungatymyzyň, şanly taryhymyzyň we medeni mirasymyzyň dünýädäki şan-şöhratyny täze belentliklere göterer.
4 – 6-njy sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde taryhda ilkinji gezek Ýewropa giňişliginde ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempionaty, gözellik bäsleşigi, etnografik sergi hem-de ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu halkara ähmiýetli çäreleriň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde geçirilmegi onuň ähmiýetini has hem artdyrýar. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hem-de Ahalteke atlarynyň Ýewropa assosiasiýasynyň bilelikde guraýan bu çempionaty türkmen bedewleriniň diňe bir gözelligini we syratlylygyny däl, eýsem, olaryň sportdaky ukyplaryny Ýewropa yklymynda ýene bir gezek subut etmäge giň mümkinçilik açar.
«Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda türkmen halkynyň baý medeniýetini we däp-dessurlaryny şöhlelendirýän sergi hem guralar. Onda ýurdumyzyň atçylyk pudagy bilen baglanyşykly dürli eksponatlara, gymmatlyklara hem-de suratlara aýratyn orun berler. Çempionatyň çäklerinde giň gerimli sergi-ýarmarka hem guralar. Türkmenistanyň milli sergi-ýarmarkasynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kärhanalaryň önümleri we milli gymmatlyklary görkeziler.
Şeýle-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary giňden ýaýbaňlandyrylar. Ýeri gelende bellesek, bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan toparyň şu ýylyň ilkinji günlerinde Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryna eýe bolmagy hem taryhy wakalaryň biridir.
Dünýä çempionatynyň çäklerinde «Ahalteke bedewi we dünýä seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden ýygnanjak tanymal alymlaryň, seýisleriň we atçylyk boýunça bilermenleriň gatnaşmagynda ahalteke bedewleriniň genofonduny gorap saklamagyň, olaryň seleksiýa-genetika işlerini kämilleşdirmegiň hem-de halkara sport ýaryşlaryndaky mümkinçiliklerini has-da artdyrmagyň ylmy esaslary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.
Umuman, Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty şanly ýylyň möhüm wakasy bolup, Ýewropadaky taryhy mekanda behişdi bedewleriň muşdaklary üçin hakyky baýramçylyga öwrüler. Ýurdumyzda bu dünýä çempionatyna uly ähmiýet berlip, ykjam taýýarlyk görüldi.
25-29-njy iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Niderlandlar Patyşalygynda iş saparynda boldular. Saparyň maksady dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak hem-de Niderlandlar Patyşalygynyň degişli döwlet edaralarynyň we guramaçylyk toparynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirmekden ybarat boldy.
Bu bäsleşik ýurdumyzyň we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirilýär. Katar Döwletiniň «Al Jazeera» , Ýewropanyň «EU Briefs», Wengriýanyň «Daily News Hungary» neşirlerinde, Azerbaýjan Respublikasynyň «Trend» we Özbegistan Respublikasynyň «Dunyo» habarlar agentliklerinde, Pakistan Yslam Respublikasynyň «The diplomatic views», Koreýa Respublikasynyň «The Korea Herald» ýaly abraýly neşirlerinde uly maglumatlar ýerleşdirildi. Bu bolsa halkymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten hem-de mynasyp derejede ösdürilýän milli mirasyna tutuş dünýäde uly sarpa goýulýandygyny tassyklaýar. Taryhda ilkinji gezek Ýewropa giňişliginde ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempionatynyň we beýleki çäreleriň geçirilmegi halkymyzy buýsandyrýar.
Behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, ony ajaýyp sungat, milli mirasymyzyň naýbaşy nusgasy hökmünde belende götermekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Şemşat Tatowa,
Aşgabat şäherindäki 46-njy orta mekdebiň müdiri.
PDF








