Hal­ler­bos to­ka­ýy. Brýus­sel­den 15 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän Hal­ler­bos to­ka­ýy ýaz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len owa­dan gör­nü­şe eýe bol­ýar. 552 gek­tar meý­da­ny tut­ýan buk agaç­la­ryn­dan eme­le ge­len to­kaý «ýa­ba­ny jaň­ja­gaz­lar» (gia­sint) bi­len ör­tül­ýär. Çi­gil­de­me meň­zeş bu gök, be­new­şe we mä­mi­şi güll­er 7-10 gün­den soň gu­ra­mak bi­len bol­ýar. Ha­ly dü­şe­le­ne meň­ze­ýän Hal­ler­bos to­ka­ýy Bel­gi­ýa bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň köp su­ra­ta düş­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.
Noýş­wanş­taýn ga­la­sy. Ger­ma­ni­ýa­da­ky Noýş­wanş­taýn ga­la­sy er­te­ki­ler­de su­rat­lan­dy­ryl­ýan köşk ga­la­la­ry­na meň­ze­ýär. Her ýyl, tak­my­nan, 1,5 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny ka­bul ed­ýän bu ga­la 1886-njy ýyl­da gur­lup gu­ta­ryl­ýar. Ko­rol Lýud­wig II ni­ýet­le­nip gur­lan bu ga­la «Walt Dis­ne­ýiň» «Ukudaky gözel» (Slee­ping Beau­ty) mult­fil­mi arkaly uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len Noýş­wanş­taýn ga­la­sy­na barýan myh­man­lar öz­le­ri­ni er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly duý­ýar­lar. 65 metr be­ý­ik­lik­dä­ki ak reňk­li mu­zeý ga­la­sy­na her ýyl 1,5 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
Me­teo­ra. Ga­dy­my grek si­wi­li­za­si­ýa­syn­dan ga­lan köp san­ly yba­dat­ha­na we şä­her ha­ra­ba­lyk­la­ry­nyň ara­syn­da ga­ýa­nyň çür de­pe­sin­dä­ki Me­teo­ra gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Gur­lu­şy­gy 150-200 ýyl do­wam eden yba­dat­ha­na top­lu­my Gre­si­ýa­nyň Fes­sa­li­ýa se­bi­tin­de ýer­leş­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar bir­nä­çe gün­läp py­ýa­da ýö­rän­le­rin­den soň 600 metr be­lent­lik­dä­ki Me­teo­ra bar­ýar­lar. Grek­çe­den ter­ji­me edi­len­de «ho­wa­da ýüz­ýän» diý­me­gi aň­lad­ýan da­gyň üs­tün­dä­ki yba­dat­ha­na ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
Çžansz­ýaý­ze. «Awa­tar» fil­mi­niň wi­zu­al ef­fekt­ler bo­ýun­ça hü­när­men­ler to­pa­ry Çžansz­ýaý­ze mil­li se­ýil­gä­hi­niň owa­dan gö­zel­li­gin­den ýo­kar­da bir pla­ne­ta dö­ret­di­ler. Se­ýil­gä­hiň esa­sy sü­tün­le­rin­den bi­ri bo­lan «Gü­nor­ta as­man sü­tü­ni» «Awa­tar» fil­min­den soňra «Avatar-Hal­le­lu­jah da­gy» ady­ny al­dy. Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýän bu se­ýil­gäh­de 3 müň­den gow­rak ga­ýa dik bo­lup, ola­ryň üç­den bi­ri 200 metr­den be­ýik­dir. Se­ýil­gäh­dä­ki až­dar­ha lif­ti, as­man köp­rü­si we ga­ýa­nyň da­şyn­dan aý­lan­ýan py­ýa­da köp­rü­si be­ýik­li­gi halaýan sy­ýa­hat­çy­lar üçin iň tä­sir­li baş­dan­ge­çir­me­le­riň bi­ri­dir.
Sankt-Ba­sil so­bo­ry. Dün­ýä­de iň köp su­ra­ta dü­şü­ril­ýän bi­na­la­ryň bi­ri hem Mosk­wa­nyň Gy­zyl meý­dan­ça­syn­da­ky Sankt-Ba­sil so­bo­ry­dyr. Sankt-ba­sil so­bo­ry XVI asy­ryň or­ta­la­ryn­da gur­lup­dyr. Şu­ňa meň­zeş bi­na Mosk­wa­nyň beý­le­ki ýer­le­rin­de duş gel­me­ýär. ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lan Sankt-Ba­sil şäheriň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da mu­ze­ýe öw­rü­len bu bi­nany görmäge her ýyl müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy bar­ýar.
Mer­mer go­wak­la­ry. Iň ga­dy­my adam­la­ryň ýa­şan ýe­ri ha­sap­lan­ýan mer­mer go­wak­la­ry Ar­gen­ti­na bi­len Çi­li­niň ser­he­din­dä­ki Pa­ta­go­nia se­bi­tin­de ýer­leş­ýär. Adat­dan da­şa­ry ho­wa ha­dy­sa­la­ry­nyň bo­lup geç­ýän ýe­ri bo­lan mer­mer go­wak­la­ry 6 müň ýyl­dan gow­rak wagt­da kal­siý kar­bo­nat ga­ýa­la­ry­nyň ero­zi­ýa­sy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Bu go­wak­la­ra di­ňe ga­ýyk­ly ge­ze­lenç edip bol­ýar.
Tol­kun ga­ýa­la­ry. Ari­zo­na­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky tol­kun ga­ýa­la­ry­ny gör­mä­ge bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň yzy üzül­me­ýär. Ýö­ne her ýyl di­ňe 64 ada­ma gyz­gylt ga­ýa­la­ryň içi­ne gir­mä­ge rug­sat be­ril­ýär. Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bir­nä­çe asyr­yň do­wa­myn­da suw bi­len çä­gä­niň ga­ryş­ma­gy hem-de ýe­liň tä­si­ri ne­ti­je­sin­de gyz­gylt çä­gä­niň ýü­zün­de öw­rüm-öw­rüm­ çu­kur­la­r dö­räp, tol­kun ga­ýa­la­ry eme­le ge­lip­dir.