1622-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Ispaniýanyň “Nuestra Seňora de Atocha” atly gämisi güýçli harasadyň arasynda Florida kenarlarynyň golaýynda deňzde gark bolýar. Gämide altyn-kümüş, gymmat bahaly daşlar we beýleki baýlyklar bardy. Gämidäki adamlaryň köpüsi heläk boldy, ägirt uly hazyna bolsa Atlantik ummanynyň düýbünde galdy.

Şol wakadan soň “Atocha” gämisi asyrlaryň dowamynda deňziň syryna öwrüldi. Onuň hazynasyny tapmak üçin öz syryny aňsatlyk bilen açmady. Şeýlelikde, gämidäki baýlyklar baradaky hekaýat nesilden-nesle geçip, hazyna gözleýänleriň ünsüni özüne çekdi.

363 ýyl geçenden soň, 1985-nji ýylda amerikaly hazyna gözleýji Mel Fişer we onuň topary gäminiň galyndylaryny tapmagy başardy. Tapylan baýlyklaryň gymmaty millionlarça dollara ýetýärdi. “Atocha” hadysasy bize käbir taryhy syrlaryň ýüzlerçe ýyl geçenden  soň hem özüne çekijiligini ýitirmeýändigini görkezýär.