Günorta-Gündogar Aziýada ösýän täsin miweleriň biri hem kumkuat bolup, igde ýaly ululygy bilen tapawutlanýar. Sitrus miweleriň iň kiçisi bolan bu miwe pyrtykala meňzeşräk, ýumurtga ýaly süýnmegräk bolýar. «Altyn pyrtykal» diýen manyny aňladýan kiçijik miwe has irki döwürlerde Hytaýda ösdürilip ýetişdirilipdir. Kumkuat 1850-nji ýyllarda Ýewropa getirilýär we soňra Demirgazyk Amerikada hem ösdürilip ýetişdirilip başlanýar. Kiçijik apelsiniň birnäçe görnüşi bolup, iň köp ýaýrany nagami we meiwa sortlarydyr. Nagami kumkuat ABŞ-da ösdürilip ýetişdirilýär. Nagami uzyndan süýnmek we biraz turşurak bolýar. Kumkuatyň meiwa sorty, esasan, Hytaýda ösdürilip ýetişdirilýär. Meiwanyň tagamy nagamiden has süýji, daşky görnüşi tegelek bolýar.
Kumkuatyň tagamy beýleki sitrus miweleriňkä meňzemeýär. Bu miwe hem süýji, hem-de turşy bolup bilýär. Kumkuatyň iň süýji bölegi onuň gabygydyr. Şol sebäpli bu miwe gabygy bilen bilelikde iýilýär. Ýöne bu miwäni doly bişmedik wagty, ýagny gök wagty iýmek maslahat berilmeýär. Kumkuat marmelad taýýarlamak üçin iň gowy miweleriň biridir. Bu miwe Ýewropa aşhanalarynda çorba, közde bişirilýän etli tagamlara hoşboý tagam bermek üçin goşulýar. Mundan başga-da, gyşky işdäaçary, kumkuat doňdurmasyny we miweli köke taýýarlamakda ulanylýar.
Kumkuat «Citrus japonica» urugyna degişli, hemişe ýaşyl öwsüp oturan gyrymsy agaçda bitýär. 2,5-4,5 metr beýiklikdäki kumkuat agajy limona görä, sowuga has çydamlydyr. Kumkuatyň gibrid sortuny otag şertlerinde ýetişdirip bolýar. Güldana ekilen kiçijik agaç miwe getirmek bilen bir hatarda, öýe bezeg hem berýär.
PDF








