Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da ös­ýän tä­sin mi­we­le­riň bi­ri hem kum­ku­at bo­lup, ig­de ýa­ly ulu­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Sit­rus mi­we­le­riň iň ki­çi­si bo­lan bu mi­we pyr­ty­ka­la meň­zeş­räk, ýu­murt­ga ýa­ly süýn­meg­räk bol­ýar. «Al­tyn pyr­ty­kal» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýan ki­çi­jik mi­we has ir­ki dö­wür­ler­de Hy­taý­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip­dir. Kum­ku­at 1850-nji ýyl­lar­da Ýew­ro­pa ge­ti­ril­ýär we soň­ra De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da hem ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip baş­lan­ýar. Ki­çi­jik apel­si­niň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, iň köp ýaý­ra­ny na­ga­mi we mei­wa sort­la­ry­dyr. Na­ga­mi kum­ku­at ABŞ-da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Na­ga­mi uzyn­dan süýn­mek we bi­raz tur­şu­rak bol­ýar. Kum­kua­tyň mei­wa sor­ty, esa­san, Hy­taý­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Mei­wa­nyň ta­ga­my na­ga­mi­den has süý­ji, daş­ky gör­nü­şi te­ge­lek bol­ýar.
Kum­kua­tyň ta­ga­my beý­le­ki sit­rus mi­we­le­riňkä meň­ze­me­ýär. Bu mi­we hem süý­ji, hem-de tur­şy bo­lup bil­ýär. Kum­kua­tyň iň süý­ji bö­le­gi onuň ga­by­gy­dyr. Şol se­bäp­li bu mi­we ga­by­gy bi­len bi­le­lik­de iýil­ýär. Ýö­ne bu mi­wä­ni do­ly biş­me­dik wag­ty, ýag­ny gök wag­ty iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Kum­ku­at mar­me­lad taý­ýar­la­mak üçin iň go­wy mi­we­le­riň bi­ri­dir. Bu mi­we Ýew­ro­pa aş­ha­na­la­ryn­da çor­ba, köz­de bi­şi­ril­ýän et­li ta­gam­la­ra hoş­boý ta­gam ber­mek üçin go­şul­ýar. Mun­dan baş­ga-da, gyş­ky iş­däa­ça­ry, kum­ku­at doň­dur­ma­sy­ny we mi­we­li kö­ke taý­ýar­la­mak­da ula­nyl­ýar.
Kum­ku­at «Cit­rus ja­po­nica» uru­gy­na de­giş­li, he­mi­şe ýa­şyl öw­süp otu­ran gy­rym­sy agaç­da bit­ýär. 2,5-4,5 metr be­ýik­lik­dä­ki kum­ku­at aga­jy li­mo­na gö­rä, so­wu­ga has çy­dam­ly­dyr. Kum­kua­tyň gib­rid sor­tu­ny otag şert­le­rin­de ýe­tiş­di­rip bol­ýar. Gül­da­na eki­len ki­çi­jik agaç mi­we ge­tir­mek bi­len bir ha­tar­da, öýe be­zeg hem ber­ýär.